Germaniýanyň Federal Assambleýasy (Bundestag) Respublikanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri ikinji möhlete saýlady. Parlamentiň maslahaty 13-nji fewralda Germaniýanyň teleýaýlymlary arkaly ýaýlyma berildi. Maslahatyň wekilleri prezidenti saýlamak maksady bilen ýygnanýan ýörite topar 1472 adamdan ybarat bolup, Ştaýnmaýer olaryň 1045 sesine eýe boldy. Maslahatyň barşynda partiýalaryň köpüsi turuwbaşdan onuň dalaşgärligini goldady.
“Germaniýa üçin alternatiwa” partiýasy Maks Otteni, Çepçi partiýa Gerhard Traberty, “Erkin saýlawçylar” partiýasy Ştefani Gebaueri döwlet Baştutany wezipesine hödürledi. Ýerli synçylar ilkibaşdan olaryň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýokdugyny belläpdiler.
6-njy ýanwarda 66 ýaşyny dolduran Ştaýnmaýer, 2017-nji ýylda Ýoahim Gaukyň ýerine Prezident boldy. Ol geçen ýylyň maý aýynda ýene bäş ýyl möhlet bilen döwlet Baştutany bolmak niýetiniň bardygyny mälim etdi. Germaniýada Prezident, iň ýokary döwlet işgäri hökmünde, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär. Frank-Walter Ştaýnmaýer Prezident bolmazdan ozal, ozalky Kansler Angela Merkeliň Kabinetinde daşary işler ministri bolup işläpdi.