14-nji fewralda Dänew etrabynyň medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Dänew etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň netijeleri 11-nji fewralda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen maglumatlar bilen tanşyp, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly desgalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi. Mundan başga-da, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek, medeni dynç alşy guramak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler hem hasaba alyndy.
Dabaranyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dänew etrabynyň zähmetkeşlerine iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip nygtalýar.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Ata Watanymyzyň her bir künjegi çalt depginler bilen özgerýär. Gündogar sebitiň iri obasenagat merkezleriniň biri bolan Dänew etraby munuň aýdyň mysalydyr. Etrapda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody, pagta egriji fabrik we pagta arassalaýjy kärhanalar, ýylylyk elektrik merkezi hereket edýär.
Ekerançylyk däpleri we ussatlygy bilen meşhur bolan Dänew etrabynyň zähmetkeşleri miweçiligi hem-de maldarçylygy işjeň özleşdirip, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we önüm öndürmegiň möçberlerini ýokarlandyrýarlar.
Etrabyň ykdysadyýetinde hususy düzümler uly orun eýeleýär. Işewür jemgyýetçiligiň wekilleri tarapyndan gurlan ýyladyşhana hojalyklarynda, gök-bakja ekinleri ýetişdirilýär hem-de dürli azyk önümleri öndürilýär. Şeýle hem maldarçylyk toplumy bar. Mahlasy, etrabyň ilaty öz azyk önümleri bilen dolulygyna üpjün edilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Döwletabat geňeşliginde suw desgasynyň, Seýdi şäherinde orta mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň durmuşymyzda öz beýanyny tapmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyny bellediler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize özleriniň türkmen döwletiniň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşantlaryna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny we şan-şöhratyny artdyrmagyň bähbidine halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Milli medeniýetiň we köpasyrlyk däpleriň ruhy siňen baýramçylyk mynasybetli guralan sergide obasenagat toplumynyň gazananlary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen suratkeşleriniňdir heýkeltaraşlarynyň işleri görkezildi.
Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, welaýatyň teatrynyň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly sahna oýunlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ösüşiň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr sazlar ýaňlandy.