Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Rabat şäherine ilkinji resmi sapary wagtynda Ýewropa Bileleşiginiň Marokkonyň ykdysadyýetine 1,6 milliard ýewro maýa goýýandygyny habar berdi. Bu maliýe serişdeler ýaşyl energiýa we sanly tehnologiýalary ösdürmek ýaly taslamalar üçin bölünip berler.
Marokko gönükdirilýän maýa goýumlary Ýewropa Bileleşiginiň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda yglan eden «Global derweze» strategiýasynyň bir bölegidir. Bu strategiýa durnukly ösüş ugrundaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin 2021-2027-nji ýyllar aralygynda, takmynan, 300 milliard ýewro bölünip berilmegini hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Marokko 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň çykarylyşyny 45,5 göterim azaltmagy, şeýle hem 2025-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny 52 göterime çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda Marokko sebitde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde öňdebaryjy ýurtdur. Täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň habaryna görä, Marokkoda Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň ýurtlaryna garanyňda, has köp ýel beketleri bar. Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň sözlerine görä, Marokko Ýewropa Bileleşiginiň Afrikadaky ilkinji hyzmatdaşydyr.