Fransiýada iki gatly howa laýnerleri A380, ýene-de 20 ýyl uçup biljekdigine garamazdan, uçuşlaryň özüne düşýän gymmatynyň ýokarydygy sebäpli uçuşdan aýryldy. «Airbus»-yň öňki inženeri Frederik Delez hasapdan aýrylan A380 awialaýnerleriň birini satyn alyp, ony restoran toplumly myhmanhana öwürmek üçin üýtgedip gurnaýar. Uçar konstruktory 2024-nji ýyla çenli özüniň «Envergure» atly taslamasyny tamamlamakçy.
Ol laýneri «Airbus» uçar zawodynyň ýerleşýän Tuluza howa menziliniň golaýynda goýmak isleýär. Gaýtadan gurlan ägirt uly uçarda, duş we hajathana bilen birlikde 31 sany otag bolup, şolardan 2-si lýuks otagy bolar. Dispetçer diňi bilen utgaşdyrylan myhmanhanada 60 orunlyk restoran bolar. Uçaryň eýesi, myhmanhanany işe girizip, çylşyrymly meýilnamanyň birinji tapgyryny şu ýyl tamamlamagy meýilleşdirýär.
On ýyl mundan ozal iki gatly iň uly ýolagçy uçary A380, amatlylygy we uzak aralyga uçuş mümkinçilikleri sebäpli ýolagçy howa gatnawynyň naýbaşysydy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen 4 hereketlendirijili bu uçarlar 2 hereketlendirijili has döwrebap uçarlardan asgyn gelip, ýolagçylary daşamagyň özüne düşýän gymmaty sebäpli ähmiýetini ýitirip başlady. Netijede, awiakompaniýalar ýene-de 20 ýyl ulanyp boljak howa gämilerini gatnawdan aýyrmaly diýen karara geldiler.