Gyş aý­la­ryn­da gar has köp ýag­ýar. Bu pa­syl­da Gün şöh­le­si ýe­re dik däl-de gy­tak­la­ýyn düş­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, di­ňe ýe­riň ýü­zünde däl, bu­lut­la­ryň tö­we­re­gin­de hem ho­wa so­wuk bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da bu­gar­ýan suw en­tek su­wuk­laş­man­ka buz bö­le­jik­le­ri­ne öw­rül­ýär. Örän ki­çi buz bö­le­jik­le­ri­niň bi­ri-bi­ri­ne ýa­pyş­ma­gy ne­ti­je­sin­de gar eme­le gel­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýo­ka­ry gi­dil­di­gi­çe ho­wa has so­wuk bol­ýar. Bu­lut­lar­da eme­le ge­len gar aşak gaý­dyp baş­lan­yn­da, ýe­riň ýü­zi ys­sy bol­sa, gar ýag­şa öw­rül­ýär ýa-da ba­da-bat ere­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ýag­ýan gar ýe­ri agart­ma­ýar. Or­ta­ça bir gar toz­ga­jy­gy 3 ki­lo­metr­lik ara­ly­gy 2 sa­gat­da geç­ýär. Ýag­ny gar sa­gat­da or­ta­ça 1,5 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär.
Adat­ça gar ýa­gyp baş­lan­dan soň­ra, ho­wa ýum­şap, bir­ne­me maý­la­ýan ýa­ly bol­ýar. As­lyn­da, ho­wa gar ýa­gyp baş­lan­dan soň­ra maý­la­ma­ýar. Ho­wa maý­lan­dan soň­ra gar ýag­ýar. Ho­wa­nyň maý­la­ma­gy bi­len ýer­den ýo­kar­ly­gy­na bug gö­te­ril­ýär. Ýo­ka­ryk gö­te­ri­len bug, so­wuk ho­wa­ly ýe­re ýe­ten­den soň­ra bu­lut­la­ryň gys­ga wagt­da gar bo­lup ýag­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Köp adam ga­r ýa­gan­dan soň­ra ho­wa maý­la­ýan­dyr di­ýip pi­kir ed­ýär.
Ýag­ýar ak­ja gar/Meý­dan agar­ýar/Ýap­da suw doň­ýar/Bu ha­çan bol­ýar?
Bu tap­ma­ça­nyň jo­ga­by­ny bil­me­ýän ýok bol­sa ge­rek. Gar ýa­gsa daş-tö­we­rek ak gar bi­len ör­tül­ýär. Şeý­le ýag­daý­da eger ho­wa gü­neş­li bol­sa, öý­den da­şa­ryk çy­ky­lan­da gö­zü­ňi ga­maş­dyr­jak de­re­je­de ýag­ty bol­ýar. Eý­sem, ga­ryň beý­le ýal­dy­ra­ma­gy­nyň se­bä­bi nä­me­de­kä? Gar toz­ga­jyk­la­ry­nyň her bi­ri al­ty­burç­luk şe­kil­li bol­ýar. Bu toz­ga­jyk­lar gün­den gel­ýän şöh­le­le­ri dö­wüp, yzy­na ser­pik­dir­ýär. Gar toz­ga­jyk­la­ry­nyň her bi­ri baş­ga şe­kil­li bo­lan­dy­gy üçin döw­len şöh­le­ler dum­ly-du­şa pyt­ra­ýar. Ne­ti­je­de, gar has ýag­ty we ýal­dy­ra­wuk bo­lup gö­rün­ýär.
Ga­ryň reň­ki nä­hi­li?
Ak­ja gar di­ýil­ýän hem bol­sa, as­lyn­da ýa­gy­nyň bu gör­nü­şi­niň reň­ki ak däl. Suw­dan eme­le ge­len­di­gi üçin ga­ryň reň­ki bol­ma­ýar. Şeý­le-de bol­sa, ýo­kar­da aý­dy­ly­şy ýa­ly gar toz­ga­jyk­la­ry­nyň köp şe­kil­li bol­ma­gy ony ak reňk­li edip gör­kez­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, to­zan, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy, hat­da süý­ji suw­da bit­ýän ot­lar se­bäp­li ga­ryň reň­ki gül­gü­ne, sa­rym­tyl ýa-da gök bo­lup bil­ýär.
Eme­li gar
Hä­zir­ki wagt­da ki­no dü­şü­ri­len­de ýa-da gyş­ky sport oýun­la­ryn­da eme­li gar­dan hem peý­da­la­nyl­ýar. Il­kin­ji eme­li ga­ry 1975-nji ýyl­da ABŞ-nyň Berk­li­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Stiw Lin­dow oý­lap tap­ýar­.