Malta Respublikasynda garrylar üçin ýörite hyzmat ýola goýuldy. Ýurduň 60 ýaşdan uly raýatlary dermanhana, banka we beýleki ýerlere takside mugt gidip-gelmek mümkinçiligine eýe boldular. Ýurduň aýry-aýry şäherlerinde 2018-nji ýylda hem şeýle hyzmatlar ýola goýlupdy. Diňe geçen ýyl bu hyzmatdan 8 müň gezek peýdalanylypdyr. Şonuň üçin ýurduň hökümeti bu hyzmaty adanyň ähli ýerinde ýola goýmagy meýilleşdirýär. Durmuş maksatly ulanylýan taksileriň parky elektrikli awtoulaglardan düzülen. Ýewropa sebitinde şeýle hyzmat Lýuksemburgda hem bar.
Söýün JUMAGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.