Adamlaryň iň wepaly dosty bolan itleriň eýelerini diňe sesinden tanap bilýändigi anyklandy. Mälim bolşy ýaly itler güýçli ys alyş ukyby bilen tanalýarlar. Şeýle-de bolsa, heçirilen barlaglaryň netijesinde itleriň eýelerini tapmagy üçin ys almaga hem zerurlyk duýmaýandygy anyklandy. Wengriýanyň Etwýoş Lorand adyndaky uniwersitetde zähmet çekýän alymlar topary itler barada täsirli gözleg geçirdi. Geçirilen işler baradaky ylmy makala “Animal Cognition” atly lukmançylyk žurnalynda çap edildi. Alymlar ýokarda agzalan barlag üçin 28 it we olaryň eýeleri bilen synag geçirdiler. Barlaglaryň dowamynda gizlenmek we gözlemek oýny oýnaldy. Bu oýunda itiň eýesi hem, nätanyş adamlar hem bardy. Synagyň biriniji tapgyrynda itler eýeleriniň çagyryşlaryna jogap berdi. Ikinji tapgyrda it eýeleriniň ses ýazgylary ulanyldy. Sesler nätanyş adamlaryň bolan ýerlerinde ulanyldy . Itler ýene şol sese tarap ýöneldiler. Bu, itleriň eýelerini tapmak üçin ys däl-de, ses ulanýandygyny ýüze çykardy. Synagda itler eýelerini ses bilen tapmakda 82 göterim dogry netije görkezdiler.
Gunça Nazarowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.