18-nji fewralda 58-nji Mýunhen howpsuzlyk maslahaty (MSC-2022) öz işine başlady. 1962-nji ýyldan bäri Mýunhende (Germaniýa) gurnalýan her ýylky çärä gatnaşyjylar dünýä ösüşiniň pandemiýadan soňky döwri bilen baglanyşykly möhüm meseleler barada çykyş ederler.
“Goranyş we howpsuzlygyň Dawosy” diýlip hem atlandyrylýan bu maslahatyň barşynda halkara meselelerindäki ýüze çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleriň çäklerinde “MSC 2022”-ni gurnaýjylar wekiliýetleriň düzümini, mejlisleriň we duşuşyklaryň sanyny ep-esli azaltdylar. Maslahatyň bir bölegi onlaýn ýagdaýda guralar.
Duşuşyklaryň gün tertibinde halkara meseleleri, howanyň üýtgemegi, Ýewropa Bileleşiginiň howpsuzlygy, demokratiýany goramak, tehnologiýany ösdürmek we pandemiýa garşy göreş, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýeti we dünýä ykdysadyýetindäki meseleler aýratyn orun eýeleýär.
“Bayerischer Hof” myhmanhanasynda öz işine başlan maslahat, 20-nji fewrala çenli dowam eder. Bu çärä syýasy we ykdysady toparlaryň ýokary derejeli wekillerini, ýaragly güýçleriň we beýleki düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi. Şu ýyl 30-dan gowrak hökümet we döwlet baştutany, 100-e golaý daşary işler we goranmak ministri bu syýasy çärä gatnaşýandygy habar berildi. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda 300-den gowrak myhman, şol sanda, global kompaniýalaryň ýolbaşçylary, alymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Maslahatda dünýäniň dürli künjeklerindäki ýagdaýlar, goranmak we daşary syýasat meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.