Tebigat gözelliklerini goramak we onuň abadan ýagdaýlaryny saklamak ynsanyň esasy borçlarynyň biri hasaplanylýar. Bu il-ýurt bähbitli mesele üns merkezinden düşürilmän gün-günden rowaçlyklara eýe bolýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan, il-ýurt ähmiýetli Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýrlar. Golaýda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde Lebap welaýat Polisiýa Müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň Ýangyn Tehniki merkezinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabatdaky Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we Türkmenabat şäherindäki 25-nji orta mekdebinde bilim we terbiýe alýan okuwçy ýaşlaryň, şeýle-de Türkmenabadyň Pagta egiriji fabriginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen çäre Tebigaty goramak, Ýangyn howpsyzlygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelere bagyşlandy.
Çäräniň esasy maksatlary tebigatymyzyň eçilen gözelliklerini ýangyndan goramak baradaky işleri wagyz etmekden ybarat boldy. Çärede Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni Maýsa Berdiýewa, Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 500-nji Harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň Döwlet Ýangyn Gözegçilik Bölüminiň gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Begenç Omarkulyýew Gözel tebigatymyzda döräp biljek ýangyn hadysasynyň öňüni almak babatynda maslahatlary berdiler. Çykyşlaryň dürli suratlardyr, wideorolikler bilen baýlaşdyrylmagy olaryň täsirini artdyrýar.
Sähra Saýdaliýewa,
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni