Iki hepde öň “Facebook”-yň gündelik işjeň ulanyjylarynyň ilkinji gezek azalandygyny habar berlipdi. Şondan bäri “Meta”-nyň paýnamalarynyň bahasy pese gaçyp, 40 göterime golaý arzanlady. Bu ýagdaý “Meta”-nyň iri kompaniýalaryň arasyndan çykmagyna getirdi. “Facebook”-a eýeçilik edýän “Meta” köp ýyldan bäri dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň ilkinji bäşliginde saklanýardy. Häzirki wagta onluk sanawa “Meta”-nyň ýerine Hytaýyň “Tencent” kompaniýasy girdi. 3-nji fewralda kompaniýa taryhynda iň uly ýitgini mälim etdi. “Meta” bilen birlikde kompaniýany esaslandyryjy Mark Zukerbergiň baýlygy hem azaldy. Şu ýylyň başyndan bäri baýlygyndan 46 milliard dollar ýitiren Zukerbergiň häzirki wagtda 78,8 milliard dollar baýlygy bar diýlip çaklanylýar. Şeýlelikde, “Meta” 565 milliard dollar gymmaty bilen dünýädäki iň gymmatly 11-nji kompaniýa boldy. “Apple” 2,8 trillion dollar bilen sanawyň başynda, “Microsoft” bolsa 2,2 trillion dollar bilen ikinji ýerde durýar. “Alphabet”, “Amazon” we “Tesla” hem degişlilikde dördünji, bäşinji we altynjy orny eýeleýär.