Hä­zir­ki wagt­da Du­baý­da gu­ral­ýan «EKS­PO – 2020» bü­tin­dün­ýä ser­gi­si ta­mam­la­nan­dan soň, onuň kö­çe­le­ri­niň esa­sy ulag se­riş­de­si we­lo­si­ped bol­jak ýa­şa­ýyş top­lu­my­na öw­rü­ler. Şeý­le­lik­de, «Dist­rict 2020» etraby Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de il­kin­ji «15 mi­nut­lyk şä­her­çe» bo­lup, mu­nuň özi şä­her­çä­niň ila­ty­nyň we­lo­si­ped­li ýa-da py­ýa­da öý­den çy­kan­la­ryn­da az sa­ly­myň için­de özi üçin äh­li ze­rur zat­la­ry ta­pyp bil­mek müm­kin­çi­li­gi­dir. Bu ýer­de gür­rüň dü­kan­lar, jem­gy­ýet­çi­lik des­ga­la­ry, güý­men­je ýer­le­ri we şu­ňa meň­zeş ýer­ler ba­ra­da bar­ýar. Şä­her­çe­de dur­muş, iş we dynç alyş üçin äh­li des­ga­lar bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn ýer­de ýer­le­şer we inf­rast­ruk­tu­ra­nyň köp bö­le­gi sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp bar­ma­ga ýar­dam be­rer. Bu şä­her­çe­de adam­la­ryň öýün­den iş ýer­le­ri­ne ar­ka­ýyn gi­dip gel­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän akyl­ly çöz­güt­ler hö­dür­le­ner. Bu­la­ryň ha­ta­ryn­da aw­to­nom ulag se­riş­de­le­ri üçin ýö­ri­te ugur, 10 ki­lo­metr­lik we­lo­si­ped ýo­da­sy, py­ýa­da­lar üçin ýol­lar we 5 ki­lo­metr­lik yl­gaw ýo­da­sy bar.
Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si 31-nji mart­da gu­ta­ran ba­dy­na ABŞ-nyň 8 mil­liard dol­lar­lyk des­ga­sy­ny ýa­şa­ýyş we söw­da top­lu­my­na öwür­mek bo­ýun­ça iş­ler baş­la­nar. Des­ga­la­ryň, tak­my­nan, 80%-iniň ozal­ky gör­nü­şi­niň sak­lan­jak­dy­gy çak edil­ýär. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa eý­ýäm bu ýer­de wo­do­rod in­no­wa­si­ýa­sy mer­ke­zi­ni aç­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ita­li­ýa­nyň Hö­kü­me­ti ar­heo­lo­gi­ki we sun­gat eser­le­ri­ni go­rap sak­la­mak mak­sa­dy bi­len öň­ki «EKS­PO» şä­he­rin­de «Ra­nes­sans» mi­ra­sy tas­la­ma­sy­na baş­la­jak­dy­gy­ny aýt­dy. «Yk­jam­lyk» ýa­ly iň uly pa­wil­ýon­lar hem bu ýer­de gal­dy­ry­lar. Ola­ryň kä­bi­ri tä­jir­çi­lik we eda­ra bi­na­la­ry­na öw­rü­ler.
Şeýle-de, 2021-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da BAE-niň iň ki­çi sebiti bo­lan Aj­man Ýa­kyn Gün­do­gar­da il­kin­ji «15 mi­nut­lyk şä­herçe» bol­mak ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. Aj­man hä­kim­li­gi­niň ha­ba­ry­na gö­rä, şu­ňa meň­zeş kon­sep­si­ýa il­kin­ji ge­zek Pa­riž­de dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de or­naş­dy­ryl­ýar. Aj­man şeý­le mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­len il­kin­ji arap şä­he­rleriniň bo­lar. «15 mi­nut­lyk şä­her­çe» kon­sep­si­ýa­sy py­ýa­da ge­ze­len­jiň do­wa­myn­da özü­ňe ge­rek­li äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri öňe sür­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, BAE-niň Du­baý şä­he­rin­de 1-nji okt­ýabr­da işe baş­lan «EKS­PO – 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si 31-nji mar­ta çen­li do­wam eder. Oňa dün­ýä döw­let­le­ri­niň 190-dan gow­ra­gy, şol san­da Türk­me­nis­tan hem öz mil­li pa­wil­ýo­ny bi­len gat­naş­ýar.