“Airbus” kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän synag uçaryny işläp taýýarlaýar. Kompaniýa arassa ýangyçly uçary öndürmek üçin “CFM International” şereketi bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Bu barada berlen maglumatda 2035-nji ýyla çenli howany hapalamaýan uçar ähli synaglardan geçiriler. Synag uçuşynda “Airbus”-yň Fransiýadaky we Germaniýadaky önümçilik desgalarynda öndürilen suwuk wodoroddan peýdalanylar. Bu uçary synagdan geçirmek üçin A380 model howa gämisi ulanylar. Uçaryň hereketlendirijisi “General Electic” kompaniýasy tarapyndan ABŞ-da öndüriler. “Airbus”-yň tehniki işler boýunça müdiri Sabine Klauke bu taslamanyň 2020-nji ýylda aýan edilendigini, wodorody ýakýan tehnologiýa işläp taýýarlamakda amerikan we ýewropaly öndürijileriň tejribesinden peýdalanylandygyny aýdýar. Ol howany hiç hili hapalamaýan uçuşy amala aşyrmagy maksat edinýändiklerini aýdýar.
Oguljeren Weliýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.