25-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäräni şu ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň bäsdeşlige ukyply pudaklaýyn önümleriň önümçiligini we onuň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek syýasatyny üstünlikli alyp barýandygyny belledi. Ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.