Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleri möhüm orun eýeleýär. Şunda ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda bu gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda BSG-de geçirilen maslahatdan soňra, Guramanyň Baş geňeşine agza ýurtlar Türkmenistanyň arzasyny kabul etdiler hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi baradaky karara geldiler. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, BSG-ä goşulýan ýurt derejesiniň alynmagy bilen, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary hem döredildi.
Bütindünýä Söwda Guramasy halkara söwdasyny liberallaşdyrmak we agza döwletleriň söwda we syýasy gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredilen halkara guramasydyr. Bu gurama gepleşikler arkaly halkara söwdasynyň düzgünlerini ýola goýup, onuň ýolundaky päsgelçilikleri azaltmagyň meselelerine seredýän forumdyr. Guramanyň ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. BSG-niň başlygy Ngozi Okonjo-Iweala bolup, guramanyň 600 töweregi işgäri bar. Bu gurama 1947-nji ýylyň oktýabr aýynda Ženewada 23 ýurt tarapyndan gol çekilen Tarifler we söwda baradaky umumy şertnamanyň esasynda döredildi.
Söwda şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek; guramanyň agzalarynyň arasyndaky söwda meselelerini çözmek; guramanyň agzalarynyň söwda syýasatlaryna gözegçilik etmek; BSG-niň täze düzgünleri boýunça söwda gepleşiklerini gurap, ony üpjün etmek bu guramanyň esasy wezipeleridir.
Tarifler we söwda baradaky umumy şertnama, importyň gümrük paçlaryny azaltmak bilen, haryt söwdasynyň liberallaşdyrylmagy üçin esas döretdi. Häzirki wagtda BSG-niň Tarifler we söwda baradaky umumy şertnamasy köptaraplaýyn söwda ylalaşyklarynyň düzgünleri hökmünde 150-den gowrak ýurtda eksport-import gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin esas hökmünde ulanylýar. Häzir bu guramanyň düzümine döwletleriň 160-a golaýy girýär, ýurtlaryň 25-den gowragy bolsa synçy derejesine eýedir. Synçy derejesi bolan ýurtlaryň köpüsi bu gurama goşulmak barada gepleşikleri geçirýär.
BSG-niň iň ýokary dolandyryş edarasy Ministrler konferensiýasydyr. Düzgün bolşy ýaly, BSG-ä agza ýurtlaryň söwda ministrleri ýa-da daşary işler ministrleri iki ýyldan bir gezek duşuşýarlar. Konferensiýanyň iň möhüm meseleler, şol sanda, köptaraplaýyn gepleşikleriň täze tapgyrlary barada karar kabul etmäge ygtyýary bar. Baş geňeş tarapyndan guralýan Ministrler konferensiýasy ýylda birnäçe gezek Ženewada geçirilýär. BSG-niň agzalary Baş geňeşde, adatça, ilçi derejesinde wekilçilik edýärler.
Haryt söwdasy geňeşi, Hyzmatlar boýunça söwda geňeşi, Intellektual eýeçilik geňeşi Baş geňeşiň gözegçilik edýän edaralarydyr. Öz gezeginde bu edaralar ýöriteleşdirilen iş toparlarynyň işine gözegçilik edýärler. Baş geňeş bilen birlikde BSG-niň has möhüm iki sany ulgam dörediji edarasy bar: meseleleri çözmek boýunça edara (BSG-niň kazyýeti) we Söwda syýasatyna syn guramasy (BSG-niň söwda çäreleriniň gözegçisi).
Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky meseläni öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylda ýörite Hökümet topary döredilipdi. Bu toparyň mejlisleriniň, şeýle hem, şol edaranyň wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen geňeşmeleriň jemleri boýunça ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagynyň ilkinji ädim hökmünde milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly şertleri döretjekdigi bellenildi.
BSG-ä goşulmak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin bähbitlerine hem-de ykdysadyýeti globallaşdyrmagyň dünýä boýunça meýline kybap gelýär. Çünki döwlet BSG-ä doly kabul edilenden soň oňa bu halkara guramanyň ähli agzalary tarapyndan amatly şertler döredilýär, dürli ykdysady ýeňillikler berilýär. Öz ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrýan, giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan üçin häzirki zaman tehnologiýalaryň elýeterli boljakdygy munuň kepilidir. Çünki olaryň standartlaryny hem BSG-niň ulgamy kesgitläp, diňe söwdany däl-de, ylmy-tehniki ösüşi hem höweslendirýär.
Bu abraýly gurama agza bolmak Türkmenistan üçin täze ýollary açar we Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyna we ösdürmegine goşant goşjak halkara bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak üçin mümkinçilikleri döreder.