Italiýanyň parlamenti daşky gurşawy goramagy ýurduň Konstitusiýasyna girizmegi meýilleşdirýär we bu babatda degişli kanun taslamasy taýýarlanýar. Kanun taslamasy döwletiň geljekki nesilleriň bähbidine daşky gurşawy, biodürlüligi we ekoulgamy goramagynyň kanuny binýadyny güýçlendirýär. Kanuna görä, binanyň gurulmagy ýa-da azyk önümçiligi ýaly islendik hereket adamyň saglygyna ýa-da daşky gurşawa zyýan bermeli däldir. Ýurduň daşky gurşawy goramak ministri Roberto Çingolani bu kanun taslamasynyň ýurduň «ýaşyl» ykdysadyýete maýa goýum goýmak baradaky başlangyçlary üçin esasy ädim boljakdygyny belledi.
Güljahan GOWŞUDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.