ABŞ-nyň NA­SA eda­ra­sy­nyň alym­la­ry Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da­ky Ilan we­la­ýa­tyn­da tä­ze kra­te­riň üs­tün­den bar­dy­lar. Onuň soň­ky 100 müň ýyl­lyk­da­ky iň uly kra­ter­le­riň bi­ri­di­gi anyk­lan­dy. Tä­ze üs­ti açy­lan kra­te­riň uzyn­ly­gy 1,85 ki­lo­metr bo­lup, onuň 46-53 müň ýyl ozal dö­rän­di­gi çak­la­nyl­ýar. Hü­när­men­ler şeý­le hem 100 metr­den gow­rak köl we bat­ga­lyk çö­kün­di­le­ri­niň aşa­gyn­da 320 metr­lik gra­nit pli­ta bar di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler.
Mun­dan baş­ga-da, gaz kö­pür­jik­le­ri­ni eme­le ge­tir­ýän ki­çi­jik aý­na bö­lek­le­ri ta­pyl­dy, bu hem ur­gu­nyň güý­jü­ni gör­kez­ýär. Kra­te­riň gör­nü­şi, Ýer ýü­zün­de seý­rek duş gel­ýän ýa­rym aýa meň­ze­ýär. Soň­ky 100 müň ýyl­da ýü­ze çy­kan iň uly kra­ter Ari­zo­na­da­ky kra­ter ha­sap­lan­ýar­dy. Onuň dia­met­ri 1,2 kilometr bo­lup, 49-50 müň ýyl ozal­ky döw­re de­giş­li­dir.

Mer­dan SE­ÝIT­LI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.