Milli Liderimiziň ynsanperwer, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi. Munuň özi ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aňladýar.
Ine, şeýle döwürde milli Liderimiziň aýgytly syýasy başlangyjy bilen ýurdumyzda Prezident saýlawlaryny geçirmek göz öňünde tutuldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi taryhy ähmiýete eýe boldy we ol döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Mejlisde kabul edilen resminamalara, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan gelip çykýan möhüm wezipeler ýurdumyzyň döwlet ösüşini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirildi. Şunda bu maksatnamadan we beýleki meýilnamalardan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde täzeçe pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly ýaş ýolbaşçylara möhüm orun degişli bolmagy babatdaky başlangyçlar jemgyýetimizde giň seslenme döretdi.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde nygtaýşy ýaly, ýaşlara aýratyn bil baglanylýar. Sebäbi ýaş nesil geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzy amala aşyrmalydyr, öňde goýlan beýik maksatlary we wezipeleri amala aşyrmaga hem-de ýurdumyzyň mundan soňky ösüş ýoluny kesgitlemäge işjeň gatnaşmalydyr.
Şu nukdaýnazardan öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Saýlap alan ösüş ýoluna pugta ygrarlylyk görkezýän Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bu gün Diýarymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn rowaçlygyny üpjün etmek üçin giň möçberli özgertmeler maksatnamalary hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen işler mynasyp dowam etdiriler.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny, daşky gurşawy goramagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga uly üns berler. Senagat pudagyny, bilim ulgamyny, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty, şonuň ýaly-da ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler. Halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berler. Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwrüniň içinde daşary syýasatda hem dünýä ähmiýetli işler amala aşyryldy. Daşary syýasatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, döwletimiziň parahatçylygy, dost-doganlygy, özara bähbitliligi öňe sürýän ýurt hökmünde has-da meşhurlyk gazanmagyna gönükdirilen işler amala aşyrylýar.
Ine, şu we beýleki ugurlar iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlarynda, saýlawçylar bilen duşuşyklarynda edilýän çykyşlarda eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyzda saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, degişli işler ýola goýuldy.
Watanymyzda amala aşyrylýan işlere dahylly bolmak, watansöýüjilik ruhuňy ýokarlandyrmak saýlaw hukugyna eýe bolan her bir adamyň raýatlyk borjy bolup durýar. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlerden mynasybyny saýlamak halkymyzyň durmuş işjeňligini dünýä äşgär edýän hakykatdyr. Halkyň ynamyna mynasyp bolmak, başy başlanan özgertmeleri amala aşyrmak beýik borç bolup durýar.
Şeýlelikde, iň ýokary döwlet wezipesine öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär. Döredijilikli we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler geçirilýär.
Türkmeniň mukaddes ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratiýamyzyň has-da kämilleşmegine, jemgyýetimiziň jebisligine, ruhy gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, halkymyzyň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Batyrmuhammet AMANMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.