Kosmos giňişliginde ulanyşdan galan dürli enjamlar gözegçilikli ýagdaýda Ýeriň atmosferasyna girizilýär we kislorod bilen galtaşmagy netijesinde ýanyp ýok bolýar. Şeýle-de bolsa könelen käbir enjamlar kosmos giňişliginde aýlanyp bilýär. Olar mahal-mahal aýlanýan orbitasyndan çykýarlar. Astronomlar ululygy awtobusyňka barabar bolan raketa böleginiň Aýa gaçjakdygyny mälim etdi. Raketanyň sekiz ýyla golaý wagt bäri kosmosda aýlanýandygy aýdyldy. Şeýlelikde taryhda ilkinji gezek adam tarapyndan döredilen jisim başga bir asman jisimine tötänleýin gaçar. Agramy bir tonna bolan raketa bölegi sekuntda takmynan 2,6 km tizlik bilen hereket edýär. Raketa bölegi Aýyň garaňky, ýagny bize görünmeýän tarapyna düşer. Aýa düşen wagty raketa böleginiň kiçijik çukur açjakdygy mälim edildi.

Baýhan Joraýew,

Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.