5-nji fewralda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Ý.Sopyýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline – Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimowa söz berdi. Ol dalaşgäriň zähmet ýolunyň esasy ugurlary barada gürrüň berip, ony ýokary adamkärçilikli, işewür we jemgyýetçilik guramalarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda işläp, ýeterlik tejribe toplan hünärmen hökmünde häsiýetlendirdi.

A.Bekmyradow öz gezeginde saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy barada aýdyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmegi dowam etjekdigini nygtady.

Häzirki döwürde özüniň saýlap alan ýoluna ygrarly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalary we taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň ähmiýetine zerur üns berler.

Dalaşgär döredijilikli syýasatyň dowam etdiriljekdigine ynandyrdy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ulgamynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň netijeli ösdürilmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berler.

Senagat pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sporty ösdürmek, ýaşaýyş jaýlaryny we awtomobil ýollaryny gurmak işleri dowam etdiriler. Halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesiniň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berler.

Ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan hödürlenen dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, obasenagat toplumynyň ösüşiniň geljekki ugurlary, gurluşyk senagaty, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlaryny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary barada jikme-jik gürrüň berdi.

A.Bekmyradow özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda bildirilen ynamy ödemek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra bu ýerde günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary S.Setdarow duşuşygy açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň berkidilmeginde telekeçiligiň ornunyň artýandygyny belledi.

Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili – Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy D.Nazkulyýewe söz berildi. Ol bu ýere ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony oňyn tejribe toplan, pespäl adam hökmünde häsiýetlendirip, hemmeleri saýlawlar gününde işjeňlik görkezmäge çagyrdy.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylary özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Onda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini netijeli herekete girizmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar ykdysadyýetiniň işini kämilleşdirmek, döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi arkaly ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümleri öndürmek meseleleriniň möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uzakmöhletleýin milli maksatnamalar, durmuş-ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde ýurdumyzyň sebitleriniň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär. Telekeçiler tarapyndan ýokary hilli senagat we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri öndürilýär. Olar diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmän, eýsem, eksport edilýär. Dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň ösüşiniň geljekki ugurlary baradaky pikirini aýdyp, dalaşgär bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalara we sanly ulgama esaslanmak arkaly ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemek we olara bilim bermek meselelerine zerur üns berler.

Duşuşygyň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olarda saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olary işe ýerleşdirmek, ýurdumyzyň telekeçilerini höweslendirmek, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek ýaly aýratyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dalaşgär telekeçilik işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we mukdaryny artdyrmak boýunça öňde durýan işler barada gürrüň berdi. Munuň özi telekeçileriň özüne ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrar.

Bildirilýän ynam üçin bu ýere ýygnananlara hoşallyk sözlerini aýdyp, B.Meredow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli güýjüni, bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.