Italiýanyň çempionaty Serie A-da sanawyň lideri ýene-de üýtgedi. 26-njy tapgyrda 1-nji orna geçen Milan bu ornuny 27-nji tapgyrda Napoli toparya aldyrypdy. Ýöne 28-nji tapgyrdan soň Milan ýene-de birinjilige gaýdyp geldi. Tapgyryň merkezi oýnunda Milan myhmançylykda Napolini tejribeli hüjümçisi Oliwie Žirunyň 49-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňişden soň utugyny 60-a çykaran Milan sanawyň iň ýokarky ornuna çykdy. Bir oýny kem Inter 58 utuk bilen 2-nji ýerde barýar.

Napolini yzly-yzyna 2 möwsüm myhmançylykda ýeňmegi başaran Milan soňky gezek şeýle statistikany 1980-nji we 1981-nji ýyllarda başarypdy.

Serie A-da bu tapgyrda 1-0 hasabynda tamamlanan 2 duşuşykda güýçli klublar ýeňiş gazandy. Ýagny Roma Atalantany Abrahamyň, Ýuwentus bolsa Spesiýany Moratanyň goly bilen 1-0 hasabynda utdy. Lasio myhmançylykda Kaliarini Immobile, Luis Alberto hem-de Andersonyň gollary esasynda 3-0 ýeňlişe sezewar etdi.