11 ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän Mobil fotosuratçylyk baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. Bu baýrak smartfonlar arkaly düşürilen suratlara berlip, jemi 12 ugurdan gowşurylýar. Baş baýraga Şanhaýda ýaşaýan Liu KunKun mynasyp boldy. Ol surat “iPhone 12 Pro Max” bilen düşürilipdir. Baýragyň guramaçylar geňeşiniň ýolbaşçysy Daniýel Berman gelip gowuşýan suratlaryň her ýyl hiliniň ýokarlanýandygyny, olaryň köpüsiniň “iPhone” bilen düşürilendigini belleýär. Smartfonlar bilen bir hatarda beýleki mobil enjamlar arkaly düşürilen suratlar hem kabul edilýär. Şeýle hem suraty mobil enjamlarda azda-kände üýtgetmäge-de rugsat edilýär. Bu bolsa, mobil enjamlaryň diňe kamera aýratynlygyny däl, eýsem programmalarynyň hilini hem ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Agabegi Gylyçowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby