Wengriýanyň hökümeti duşenbeden başlap, koronawirus bilen bagly jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany örtük dakynmak düzgünini we beýleki çäklendirmeleri aýyrýar. Premýer-ministr Gergeý Guýýaşyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, wenger hökümeti “ilata netijeli gözegçilik edilmegi we waksina sanjymynyň urulmagy netijesinde pandemiýanyň bäşinji tolkunynyň yza tesýändigi sebäpli” şeýle karara gelnipdir.  – Duşenbeden başlap jemgyýetçilik ulaglarynda, dükanlarda, söwda merkezlerinde, poçtada, teatrlarda, kinoteatrlarda, muzeýlerde, şeýle hem sport ýaryşlarynda hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işgärlerine hem örtük dakynmak hökman däldir – diýip, hökümetiň remi saýtynda bellenilýär. Mundan başga-da, açyk howada geçirilýän çärelere gatnaşyjylaryň sany babatynda-da çäklendirmeler aradan aýrylýar.

Şeýle hem iş berijiniň işgärlerinden hökmany suratda waksina almaklygyny talap etmegi baradaky düzgün hem ýatyrylar. Şol bir wagtda isleg bildirýänlere waksina urulmagy dowam etdiriler. Maglumatlara görä, 10 million ilaty bolan Wengriýada 7 million adam koronawirusa garşy sanjym aldy. Olaryň 4 milliony eýýäm rewaksinasiýadan hem geçdi.