Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de Du­baý bi­len Abu-Da­bi­niň ara­syn­da­ky «Eti­had Ra­il» de­mir ýo­lu­nyň bir şa­ha­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. De­mir ýol, ýur­duň iň uly inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, onuň we­zi­pe­si halk ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­den yba­rat­dyr.
Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­baý Emir­li­gi­niň hä­ki­mi Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tum hem-de Abu-Da­bi­niň mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy we «Eti­had Ra­il» de­mir ­ýo­l kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Mu­ham­met bin Za­ýed Al Na­haý­ýan de­mir ­ýo­luň soň­ky nur­bat­la­ry­ny ber­ki­dip, iki emir­li­giň ara­syn­da lo­gis­tik we yk­dy­sa­dy in­teg­ra­si­ýa­nyň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­di­ler.
256 ki­lo­metr­lik Ta­rif-Al Awir ug­ry iň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da gur­lup, ol 29 köp­ri­ni, 60 ge­çel­gä­ni we 137 zeý­keş ka­na­ly öz içi­ne al­ýar. Gel­jek­de ýo­luň tä­ze şa­ha­sy BAE-dä­ki mil­li de­mir ýol ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­ler. Onuň gur­lu­şy­gy 27 aý­dan gow­rak do­wam edip, 50 mil­liard dir­hem ma­ýa go­ýul­dy. Şeý­le­lik­de, bu de­mir ýol Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne ýa­kyn 50 ýyl­da söw­da, yk­dy­sa­dy­ýet we lo­gis­ti­ka hyz­mat­la­ry pu­dak­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy se­bit we glo­bal mer­kez hök­mün­de öz or­nu­ny ber­kit­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
2021-nji ýy­lyň ahy­ryn­da BAE ýo­lag­çy de­mir ýo­lu­ny gur­mak me­ýil­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. Hä­ki­mi­ýet­le­riň be­ren ha­ba­ry­na gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li «Eti­had Ra­il» kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe bir agyr ýük­le­ri däl, eý­sem, mil­li­on­lar­ça ýo­lag­çy­ny hem gat­na­dar. Şeý­le­lik bi­len, ýo­lag­çy­lar de­mir­ ýol hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp, Abu-Da­bi­den Du­ba­ýa 50 mi­nut­da we Abu-Da­bi­den Fu­jeý­ra şä­he­ri­ne 100 mi­nut­da ba­ryp bi­ler­ler. De­mir ýol­la­ry BAE-de 11 esa­sy şä­he­re we ilat­ly no­kat­la­ra hyz­mat eder.
Tas­la­ma BAE-niň daş­ky gur­şaw sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk gel­ýär we ug­le­ro­dyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny 70-80% azalt­ma­ga kö­mek eder. Ýo­lag­çy gat­na­wy­nyň baş­lan­jak se­ne­si bel­li däl, ýö­ne 2030-njy ýy­la çen­li ýo­lag­çy gat­na­wy ýyl­da 36,5 mil­li­on ada­ma ýet­me­li.