Awstraliýanyň «Fortescue Metals Group» magdan çykaryjy kompaniýasy dünýäde ilkinji «tükeniksiz» otlynyň taslamasyny taýýarlady. Ol grawitasiýa energiýasynyň hasabyna işläp, uglerodyň zyňyndylary nola deň bolar. Bu barada «Fortescue» tarapyndan satyn alnan iňlis kompaniýasy «Williams Advanced Engineering»-iň web sahypasynda aýdylýar.
Taslama «Infinity Train» diýlip atlandyryldy. Demir magdanyny daşaýan täze otly dizel ýangyjynda işlemez. Batareýalar grawitasiýa güýji bilen zarýad alar – magdanyň ýapgytdan aşak goýberilýändigi sebäpli otla goşmaça güýç almak gerek bolmaz.
Bu oýlanyp tapylan usul agyr senagat pudagynda zyňyndylaryň derejesini azaltmaga kömek eder. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, otly 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň derejesini nola deňlemek ugrundaky maksada ýetmäge kömek eder, şeýle hem çykdajylaryň möçberini azaldyp, kärhananyň öndürijiligini ýokarlandyrar.
– Akkumulýatorlaryň ýokary netijeli ulgamy biziň işimiziň esasy özenini düzýär we häzir biz «Fortescue»-nyň maşgalasynyň bir bölegi bolup durkak bu täze tehnologiýalary işläp düzmäge oňat mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, biz bilelikde howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmaga tagalla edýäris – diýip, WAE-niň ýerine ýetiriji direktory Kreýg Uilson mälim edýär.