Häzirki döwürde ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň üstünlikli geçirilmegi we uly rowaçlyklara beslenmegi ugrunda edilýän tagallalar ählumumy häsiýete eýe bolýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu gün­ler ýur­du­myz­da 12-nji mart­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Äh­li ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne my­na­syp gör­len da­laş­gär­ler bi­len du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Saý­law­çy­lar iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň mak­sat­na­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy­lar. Oňa ýur­du­my­zyň saý­law­çy­la­ry­nyň ag­zy­bir­lik­de we iş­jeň gat­naş­ma­gy jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni gör­kez­ýär.
Hä­zir­ki saý­law möw­sü­min­de he­re­ket ed­ýän hal­ka­ra ka­da­la­ryň äh­lu­mu­my saý­law hu­ku­gy, ra­ýat­la­ryň bäs­deş­lik esa­syn­da ge­çi­ril­ýän saý­law­la­ra meý­le­tin gat­naş­ma­gy, hö­dür­le­nen da­laş­gär­le­riň äh­li­si üçin deň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi, saý­law möw­sü­mi­niň bar­şyn­da wa­gyz et­mek er­kin­li­gi, ra­ýat­la­ryň saý­law hu­kuk­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy, şo­nuň ýa­ly-da, aý­dyňlyk hem-de açyk­lyk ýa­ly esa­sy ýö­rel­ge­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ge­çi­ril­ýän mö­hüm sy­ýa­sy çä­rä­niň – Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň saý­law­la­ry­nyň jem­gy­ýe­ti mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak­da­ky hem-de her bir ra­ýa­tyň ýur­duň gel­je­gi ba­ra­da­ky jo­gap­kär­çi­li­gi­ne dü­şün­me­gin­dä­ki äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.
Bu jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­niň ge­çi­ri­li­şi­ne mil­li syn­çy­lar­dan baş­ga-da hal­ka­ra syn­çy­lar hem gat­naş­ýar­lar. Ýur­du­myz­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Syn­çy­lar we­kil­li­gi öz işi­ne baş­la­dy. Onuň ag­za­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 12-nji mart­da ge­çi­ril­jek saý­law­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py­nyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça paý­tag­ty­my­za gel­di. Syn­çy­lar de­giş­li hu­kuk ka­da­la­ry esa­syn­da kes­git­le­nen yg­ty­ýar­lyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­de saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky çä­re­le­riň bar­şy­na hem-de saý­law­la­ryň ge­çi­ril­ýän gü­nün­de ses ber­li­şi­ne syn eder­ler. Öňdä­ki jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä – Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry­na hal­ka­ra syn­çy­la­ryň gat­naş­ma­gy mö­hüm bo­lup, ola­ryň saý­law möw­sü­mi­ne sel­jer­me ber­mek, şol san­da iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň yna­ny­lan we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
Ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ryn­da uly ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bu mö­hüm çä­rä­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di. Biz hem pa­ra­sat­ly we öňden­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty, asu­da­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň ber­ki­dil­me­gi ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ry ed­ýän­di­gi üçin hormatly Prezidentimize ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýd­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ni, be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­küm sür­me­gi­ni, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän äh­li asyl­ly baş­lan­gyç­la­ryň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Toý­ly An­na­gu­ly­ýew,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.