Döw­le­ti­mi­ziň açyk­ly­gy, yg­ty­bar­ly döw­let hök­mün­de giň möç­ber­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­ly­gy hem-­de äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň oňyn çöz­gü­di­ni tap­mak ug­run­da­ky iş­jeň­li­gi hal­ka­ra dur­mu­şyn­da türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň yk­rar edil­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­ga hyz­mat ed­ýän bu we­zi­pe­ler, il­kin­ji no­bat­da, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri bi­len saz­laş­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da, hal­ka­ra dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak ar­ka­ly äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li ugur­la­ry­nyň ösü­şi­ne ýar­dam ber­mä­ge, se­bit­de we dün­ýä­de wa­jyp me­se­le­le­riň ne­ti­je­li çöz­gü­di­ne yg­rar­ly bol­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny ile­ri tut­ýar. Ata Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy esasy ugur edinip, 30 ýyl mundan ozal BMG bilen hyzmatdaşlygy daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi.

Dün­ýäde yk­rar edi­len mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan eko­lo­gi­ýa, ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi hem-de ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi ug­run­da uly işler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ge­çen 30 ýyl ýur­du­my­zyň BMG bi­len hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne ky­bap gel­ýän giň ge­rim­li, mak­sa­da gö­nük­di­ri­len uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy saý­lap al­ma­gy­nyň dog­ru­dy­gy­ny we öň­den­gö­rü­ji­lik­li­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. Bu ta­ry­hy wa­ka Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de or­nu­ny we we­zi­pe­si­ni, onuň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň, içer­ki ösü­şi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni kes­git­leýär.
BMG Türk­me­nis­tan üçin di­ňe bir we­kil­çi­lik­li dü­züm bol­man, eý­sem, äh­lu­mu­my öza­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ul­ga­my­nyň bin­ýa­dy­dyr, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we bäh­bit­le­riň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň, howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň ke­pi­li­dir. BMG-niň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, ada­lat­ly­lyk, döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­lyk, ola­ryň me­de­ni­ýe­ti­ne we öz­bo­luş­ly­ly­gy­na hor­mat goý­mak ýa­ly be­lent yn­san­per­wer tag­lym­la­ry ýur­du­my­zyň beý­le­ki döw­let­ler bi­len gat­na­şyk­la­ryn­da esa­sy ýol­gör­ke­zi­ji ýö­rel­ge­ler­dir.
Ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my baş­lan­gyç­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gol­da­nyl­ma­gy BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Di­ňe soň­ky ýyl­lar­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň ulag we ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ryn­da, se­bit howp­suz­ly­gy we öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy, pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de Bi­ta­rap­ly­gyň or­ny ba­ra­da­ky öňe sü­ren Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni ka­bul et­di.
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­na we BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne hor­mat goý­mak esa­syn­da da­şa­ry sy­ýa­sat ul­ga­myn­da yna­nyş­ma­gy we açyk­ly­gy di­kelt­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki işe baş­la­ma­gy yzy­gi­der­li tek­lip ed­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2021-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­me­gi bu ugur­da ädi­len äh­mi­ýet­li ädim­le­riň bi­ri bol­dy. Şol ýyl­da ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan bu dü­şün­je­le­ri dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da ber­ka­rar et­mek üçin köp iş­ler edil­di. Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek we öza­ra bäh­bit­li­lik ýag­da­ýyn­da ös­dü­ril­ýär.
Dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň, dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň we daş­ky gur­şa­wyň go­ra­gy­nyň bi­rek-bi­rek­den üz­ňe bol­ma­dyk bi­te­wü­li­gi eme­le ge­tir­me­gi döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da eko­lo­gi­ýa ug­ru­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň bu ugur­da oňyn baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş et­me­gi­ne esas dö­red­ýär. Ada­myň hem-de te­bi­ga­tyň öza­ra gat­na­şy­gyn­da ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň me­se­le­le­ri bi­len bir­lik­de top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­niň esa­syn­da çöz­mek müm­kin. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ýur­du­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da, il­kin­ji no­bat­da, umu­my mak­sat­la­ra ýet­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­li­giň mer­ke­zi bo­lan BMG-niň we beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de hä­zir­ki­za­man äh­lu­mu­my me­se­le­le­ri çöz­mek­li­ge, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­li­ge jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýär.
Ösü­şiň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň di­ňe bir hyz­mat­daş­ly­ga däl-de, döw­let­le­riň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öz üs­tü­ne al­ýan borç­na­ma­la­ry­nyň hem dur­muş­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne esas­lan­ýan­dy­gy hä­zir­ki wagt­da hem­me­le­re mä­lim­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ba­ky Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe bir özü­niň hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz ber­jaý et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da ener­ge­ti­ka we ulag hyz­mat­daş­ly­gy ar­ka­ly hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ösü­şi­ne hem my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy buý­san­dy­ry­jy­dyr.
Ýur­du­my­zyň hoş­ni­ýet­li, yn­san­per­wer, dost-do­gan­ly­ga yg­rar­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­gä­mi­ziň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­dyr. Dün­ýä­de dost-do­gan­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy ös­dür­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

En­wer ATA­MY­RA­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň
mu­gal­ly­my.