Ýew­ro­pa­nyň Kos­mos Agent­li­gi (ESA) «So­lar Or­bi­ter» eme­li hem­ra­sy­nyň 26-njy mart­da Gü­ne has go­laý bar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Gü­ni öw­ren­mek üçin iş­le­nip dü­zü­len en­jam hä­zir­ki wagt­da Ýer bi­len Gü­nüň or­ta­syn­da he­re­ket ed­ýär. Eme­li hem­ra 14-nji martda Mer­ku­ri­niň or­bi­ta­syn­dan ge­çer. Mer­ku­riý Gü­ne iň ýa­kyn pla­ne­ta bo­lup, Gün­den 68 mil­li­on ki­lo­metr­den gow­rak uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. «So­lar Or­bi­ter» eme­li hem­ra­sy kos­mos gi­ňiş­li­gin­dä­ki «Gün ýe­li» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan aky­my öw­re­ner.
2020-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da uçu­ry­lan bu eme­li hem­ra 600 de­re­jä çen­li gyz­gyn­ly­ga çy­dam­ly bo­lup, hä­zir­ki wagt­da Gün­den 75 mil­li­on ki­lo­metr uzak­lyk­da he­re­ket ed­ýär. Sen­sor­lar we ka­me­ra­lar bi­len üp­jün edi­len en­jam Gü­nüň 42 mil­li­on ki­lo­metr go­la­ýy­na ba­rar.

Hur­ma Ýul­da­şe­wa,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.