1915-nji ýylda gark bolan «Endýurans» atly gämisiniň bölekleri Antarktidanyň golaýyndaky Ueddella deňziniň düýbünde ýüze çykaryldy. Agaçdan ýasalan gämi 3008 metr çuňlukda tapyldy. Gämi geň galdyryjy derejede gowy saklanypdyr. «Endýurans» gämisi Beýik Britaniýanyň transantarktik ekspedisiýasynda ulanylan iki gäminiň biri eken. Ekspedisiýanyň çäginde Antarktida barmak meýilleşdirilipdir. 1915-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda gämi buzda saklanýar we ekipažy bilen birnäçe aýlap şol ýerde galýar. Gäminiň ekipažy bolsa halas edilýär.
Azamat JUMAMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.