Türkmenistan möhüm wakanyň bosagasynda. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ildeşlerimiz üçin öz gapylaryny açmagyna az wagt galdy. Şol gün türkmenistanlylar öz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny berjaý ederler hem-de döwlet Baştutanyny saýlarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolar. Saýlawlar açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilip, halkymyz ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünmek bilen, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan iň mynasybyna ses berer.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda saýlaw möwsüminde giň gerimli işler amala aşyrylyp, bu işe ähli derejedäki döwlet düzümleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri girişdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary ýörite usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular, göçme saýlaw býulletenleri we usulyýet gönükdirijiler bilen üpjün edilip, olar saýlawlary geçirmäge doly taýýardyrlar. Ses bermek üçin otaglarda ýörite kabinalar gurnaldy. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.
Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ilat arasynda giňden wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryň işjeňligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda bu ähli saýlawçylaryň sanynyň 7 göterimine golaýdyr. Olaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanar.
Uçastok toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen işleri geçirmäge, şol sanda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramakda we geçirmekde ýardam bermäge aýratyn orun berildi. Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň duşuşyklarynyň ählisi taraplaryň arasynda ylalaşylan we bellenilen tertibe laýyklykda geçirildi. Şunda dalaşgärleriň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.
Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlara daşary ýurtlardan we birnäçe halkara guramalardan, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den we Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar çagyryldy. Olara saýlawlaryň barşyna syn etmek üçin mümkinçilikler döredildi.
Şeýlelikde, 11-nji martda, ýarygije, hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möwsümiň iň möhüm tapgyrlarynyň biri — wagyz ediş tapgyry tamamlanar. 12-nji martda, şenbe güni bolsa sagat 07:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ses berler we onuň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany saýlanar.