Wengriýanyň milli parlamenti maşgala işleri, ýaşlar we halkara gatnaşyklar boýunça ministri Katalin Nowagy ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady. Şeýlelikde, Nowak ýokary döwlet wezipesine saýlanan ilkinji zenan boldy.

Wengriýanyň milli parlamentinde 199 deputat bolup, Katalin Nowak olaryň iň deputatlarynyň 137-siniň sesini aldy. 44 ýaşyndaky Nowagyň saýlawdaky esasy bäsdeşi 80 ýaşyndaky ykdysatçy Peter Rona boldy.

Wengriýa Respublikasynda hereket edýän kanunçylyga görä ýurduň Prezidenti milli parlament tarapyndan 5 ýyl möhlete saýlanýar. Mundan ozal 2012-nji ýyldan bäri Ýanoş Ader bu wezipäni iki möhlete amala aşyrypdy.