Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri hä­li-şin­di ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Şeý­le ta­pyn­dy­lar köp­lenç de­ňiz­le­riň çuň­luk­la­ryn­da ýa-da be­ýik dag ge­riş­le­rin­dä­ki to­kaý­lar­da ta­pyl­ýar. Go­laý­da türk we ame­ri­kan alym­la­ry Tür­ki­ýä­niň Bo­lu şä­he­rin­dä­ki Ýe­di­göl­ler mil­li se­ýil­gä­hin­de ösüm­li­giň tä­ze gör­nü­şi­ni anyk­la­dy­lar. Bu açy­şy Tür­ki­ýä­niň Bar­tyn uni­wer­si­te­ti­niň we ABŞ-nyň Mis­su­ri şta­ty­nyň bo­ta­ni­ka ba­gy­nyň göz­leg­çi­le­ri ama­la aşyr­dy. Bu ösüm­li­giň ob­ri­zi­ýa maş­ga­la­sy­na de­giş­li­di­gi mä­lim edil­di. Bu maş­ga­la de­giş­li bo­lan ösüm­lik­ler bir­ýyl­lyk, iki­ýyl­lyk ýa-da köp­ýyl­lyk bo­lup bil­ýär. Tä­ze ta­py­lan ösüm­li­giň köp­ýyl­lyk ösüm­lik­di­gi anyk­lan­dy. Ösüm­li­giň ýaý­ra­wy 1-3 san­ti­met­re, uzyn­ly­gy 5 san­ti­met­re ýet­ýär. Tüý­jü­mek bal­dak­ly, in­li ýap­rak­ly bu ösüm­li­giň gül­le­ri sy­ýa reňk­de bol­ýar. Ap­rel-maý aý­la­ryn­da gül­le­ýän bu ösüm­lik tom­su­na mi­we ber­ýär. Jik­me-jik öw­re­ni­len ösüm­li­giň Ýe­di­göl­ler mil­li se­ýil­gä­hin­de, 1660-1760 metr be­lent­lik­de, ba­zalt we hek daş­ly eň­ňit­ler­de, şeý­le-de Şot­lan­di­ýa­nyň sos­na we ar­ça to­kaý­la­ryn­da ýe­tiş­ýän­di­gi öw­re­nil­di.