Ýene-de laýyk bir hepdeden Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň oýunlaryna badalga berler. Ýewropa zolagynda bolsa saýlama tapgyryň pleý-off duşuşyklary geçiriler. Toparçadaky soňky duşuşygynda soňky minutlarda derwezesini goldan gorap bilmän pleý-off tapgyryna galan Portugaliýanyň ýygyndysynyň düzümi mälim edildi. Tälimçi Fernado Santos 24-nji martda Türkiýäniň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga Kristiano Ronaldo, Diogo Žota, Gedeş, Žoao Feliks, Bernardo Silwa, Pepe, Bruno Fernandeş, Žoao Moutinio ýaly ýyldyzlary çagyrdy. Portugaliýanyň ýygyndysy 24-nji martda Porto şäherindäki “Dragao” stadionynda Türkiýäniň ýygyndysyny kabul eder. Duşuşyk 00:45-de başlar. Ýeňiş gazanan topar şol gün oýnaljak Italiýa – Demirgazyk Makedoniýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen Dünýä Kubogyna gatnaşmak ugrunda soňky duşuşygyny geçirer.

 

DERWEZEÇILER: Antony Lopes, Diogo Kosta, Rui Patrisio

GORAGÇYLAR: Sedrik Soares, Diogo Dalot, Žoao Kanselo, Gonsalo Inasio, Žose Fonte, Pepe, Nuno Mendeş, Rafael Gerreiro,

ÝARYMGORAGÇYLAR: Danilo Pereira, Ruben Neweş, William Karwalýo, Bruno Fernandeş, Žoao Moutinio, Mateus Nuneş, Otawio Menteiro, Bernardo Silwa

HÜJÜMÇILER: Andre Silwa, Kristiano Ronaldo, Diogo Žota, Gonsalo Gedeş, Žoao Feliks Rafael Leao