Ýy­lyň-ýy­ly­na ýo­ka­ry ha­syl alyp, Wa­tan har­ma­ny­nyň beý­gel­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan ýur­du­my­zyň eder­men pag­ta­çy­la­ry yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da olar tä­ze ha­sy­ly al­mak üçin go­wa­ça eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.
Go­laý­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da hem eder­men pag­ta­çy­la­ry­my­zyň ýur­du­myz­da «ak al­ty­nyň» ýo­ka­ry ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­jek­di­gi­ne hem-de uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­jak­dy­gy­na berk ynam bil­di­rip, ýur­du­my­zyň Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 23-nji mart­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa 30-njy mart­da go­wa­ça eki­şi­ne baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak we pu­da­gy top­lum­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan daý­han­la­ry­my­zyň oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän pag­ta se­na­gat pu­da­gy­myz üçin gym­mat­ly çig mal bo­lup dur­ýar.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da ene top­ra­ga yk­ba­ly­ny bag­lan, oňa yh­las­ly zäh­me­ti­ni siň­di­rip, bol ha­syl ön­dür­ýän pag­ta­çy­la­ry­my­za ön­dü­ri­ji­lik­li iş­le­mä­ge, ýer­den ýo­ka­ry ha­syl alyp, ha­lal zäh­me­tin­den ba­ýa­ma­ga döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne ekin meý­dan­la­ry­ny be­jer­mek­de, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­da daý­ha­nyň da­ýan­jy bo­lan kä­mil oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy, top­ra­gyň be­re­ke­di­ni art­dyr­ýan, ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýan mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len daý­han­la­ryň do­ly üp­jün edil­me­gi, su­wa­ryş aka­ba­la­ry­ny we zeý­keş ul­gam­la­ry­ny, tä­ze how­dan­la­ry gu­rup, suw bi­len do­ly üp­jün et­mek­de, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak­da, ekin do­la­ny­şy­gy­na geç­mek­de ýur­du­myz­da uly möç­ber­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­gy şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­ma­gyň bi­te­wi ul­ga­my ne­ti­je­li he­re­ket ed­ýär. Onuň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri-de, ma­ýa goý­mak­dan yba­rat­dyr. Şol ma­ýa go­ýum­lar oba­se­na­gat top­lu­my­nyň hem-de hyz­mat ediş pu­dak­la­ry­nyň dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, şol san­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça za­wod­la­ry gur­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. Ýer­le­ri suw­lu­lan­dyr­ma­ga we iş­läp be­jer­mä­ge, öň­de­ba­ry­jy se­riş­de tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, iň tä­ze yl­my-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­ma­ga uly ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär. Daý­han bir­le­şik­le­ri, kä­ren­de­çi­ler we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler ze­rur bo­lan teh­ni­ka, dö­kün we to­hum bi­len üp­jün edil­ýär. Eke­ran­çy­lar üçin hä­zir­ki za­man trak­tor­la­ry, kom­baýn­lar­dyr ekiş gu­ral­la­ry we beý­le­ki­ler sa­tyn alyn­ýar, ula­nyş möw­ri­ti­ni ge­çi­ren oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge me­ýil­li daý­han­la­ra we hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re muzd­suz be­ril­ýär.
Eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ekin­le­ri hem-de top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, tarp ýer­le­ri öz­leş­dir­mek, ekin meý­dan­la­ry­ny su­war­mak we zeý ul­gam­la­ry­ny çek­mek, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, oba ho­ja­lyk yl­my­ny, to­hum­çy­ly­gy hem-de seç­gi iş­le­ri­ni ös­dür­mek me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Önüm­le­riň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, daý­han­la­ryň sal­gyt­dan bo­şa­dyl­ma­gy, teh­ni­ki hyz­mat­la­ryň, to­hu­myň, mi­ne­ral dö­kün­le­riň, ösüm­lik­le­riň go­rag se­riş­de­le­ri­niň ýe­ňil­lik­li şert­ler­de be­ril­me­gi, oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­di­ril­me­gi oňyn ne­ti­je ber­ýär. Bu çä­re­ler daý­han­la­ryň öz zäh­me­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­ýar.
Oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar we me­ýil­na­ma­lar Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa ugur­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny öz içi­ne al­ýar. Eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň su­wa­ryş ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da äti­ýaç­lyk suw go­ry dö­re­dil­di. Bu suw­lar tä­ze ýer­le­ri öz­leş­dir­mek­de, öri meý­dan­la­ry­ny gi­ňelt­mek­de, to­kaý zo­lak­la­ry­ny su­war­mak­da we teh­ni­ki ze­rur­lyk­lar­da peý­da­la­nyl­ýar.

Ta­gan­gel­di EN­NE­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.