20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde özboluşly many bardyr.
Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy dünýäde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara baýram derejesiniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini artdyrýar.
Ir bilen dabara gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çägine degişli günorta künjegine ýygnandylar. Aýdym-sazlaryň belent owazy bu ýerde özboluşly dabaraly ýagdaýy döretdi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Ak mermerli Aşgabat barha gözelleşýär we öz çäklerini giňeldip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şäher ilatynyň ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly gurşawyň döredilmegini, adamlaryň wagtlaryny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňky ýyllarda tutuş etraplar döwrebaplaşdyryldy, ähli zerur düzümi bolan täze ýaşaýyş toplumlary, seýilgähler emele geldi. Binagärligiň we inženerçilik-tehniki çözgütleriň möhüm desgalary hasaplanylýan ýüzlerçe binalar guruldy. Şolaryň käbirleriniň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi milli binagärlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny görkezýär.
Şeýlelikde, şäher ösüşiniň konsepsiýasy tapgyrlaýyn esasda oýlanyşykly durmuşa geçirilýär. Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şeýle hem şäher gurluşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Paýtagtymyzyň ilaty ýyl-ýyldan köpelýär, Aşgabat täze abadanlaşdyrylan hem-de döwrebaplaşdyrylan gurluşyklar arkaly çägini giňeldýär.
Hormatly Prezidentimiziň ulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde saklandy. Döwlet Baştutanymyzy şu günki dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary garşyladylar.
Şu pursatda ýaňlanan aýdymdyr-sazlar dabara öwüşgin çaýyp, hemmeleri ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz okuwlaryny ata Watanymyzyň bähbidine zähmet bilen üstünlikli utgaşdyrýan köp sanly ýaşlar bolan dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin taýýarlanan ýere geldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýanyna häzirki döwrüň bagtyýar nesliniň wekili gelip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bag ekmek çäresine badalga bermegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz ilkinji bag nahalyny ekip, bu çärä badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz oglanjyga toý sowgadyny gowşurdy hem-de onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan asylly çärä gatnaşmagy köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň ähmiýetini artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň berkarar eden milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini görkezdi.
Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli bag nahallarynyň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi hem-de ideginiň ýokary derejede ýola goýulmagy dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklarynyň döredilmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Ählihalk çäresiniň öňüsyrasynda toprak ýagyş yzgaryny özüne siňdirip, howa arassalandy. Munuň özi çärä gatnaşyjylara joşgun berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň ruhubelentligini we işe bolan höwesini artdyrýan aýdym-sazly çykyşlaryň ähmiýetlidigini belläp, sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Müňlerçe adamlar bu çärä uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşdylar. Şonuň netijesinde, şäherlerimiziň we paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklary döreýär, munuň özi bolsa amatly gurşawyň döremegine ýardam berýär hem-de ilatyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, her bir adamyň bu sogap işe goşant goşmagy parzdyr. Bu bolsa Diýarymyzyň gözelligini artdyryp, arassa howa gurşawynyň kemala gelmegini üpjün eder.