Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” kompaniýasy Indoneziýada täze zawod açdy. Önümçilik desgasynda her ýylda 250 müň awtoulag öndüriler. Berlen beýanatda “IONIQ 5” awtoulagy öndürilmäge niýetlenen taslama üçin 1,55 milliard dollar maýa goýum özleşdirilipdir. Önümçilik desgasynyň sebitde gurlan ilkinji elektroulag zawodydygy mälim edildi. “Hyundai” kompaniýasy “Creta” hem-de täze işlenip düzülen MPV modellerini hem bu ýerde öndürmekçidigini habar berdi.
“Hyundai Motor Company”-nyň Jakartadaky zawody Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda şeýle derejeli ilkinji zawoddyr. Täze zawodda Gün panelleri we daşky gurşaw üçin zyýansyz tehnologiýalar hem işlenip taýýarlanar.
“Hyundai Motor” toparynyň ýolbaşçysy Euýsun Çung bu desganyň awtoulag senagatynda, esasan hem, elektroulag pudagynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekip, häzirki wagtda batareýa desgasynyň hem gurulýandygyny, şeýlelikde bu ýurtda elektroulag ekoulgamynyň döredilmegine goşant goşjakdygyny belledi.
“Hyundai” kompaniýasy bu ýerde “LG Energy Solutions” kompaniýasy bilen bilelikde elektroulaglar üçin batareýa zawodynyň gurluşygyny alyp barýar.
Indoneziýa 2030-njy ýyla çenli ýurtda 130 müň gulluk ulagyny hem elektrik energiýasy bilen işleýän ulaga öwürmegi meýilleşdirýär.
Näzikjemal Gylyjowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.