Şu gün Katar 2022 Dünýä Kubogyna Ýewropadan gatnaşjak soňky 3 ýygyndyny kesgitleýän pleý-off tapgyrynyň ýarym final duşuşyklary geçiriler. Bije laýyklykda Ýewropanyň soňky 2 çempiony Portugaliýa bilen Italiýanyň ýygyndysy bir toparçada bolup, ikisinden biriniň ýa-da ikisiniň hem Katardaky futbol baýramçylygynyň daşynda galmagy mümkin. “C” toparçadaky iki ýygyndynyň hem ýarym finalda utulmak ähtimallygy bolup, ikisi finala çykaýan ýagdaýynda-da haýsy hem bolsa biri Dünýä Kubogyna gatnaşmaz. Portugaliýa ýarym finalda Türkiýäniň, Italiýa bolsa Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.
“A” toparçada bu gün diňe bir duşuşyk bolar. Ol hem Uels bilen Awstriýanyň arasyndaky duşuşykdyr. Şotlandiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky oýun bolsa, myhman toparyň islegi boýunça iýun aýyna geçirildi.
Şeýle-de Russiýanyň ýygyndysynyň ýaryşdan çykarylmagyndan soň Polşanyň ýygyndysy “B” toparçanyň finalyna gönümel çykdy. Polşanyň garşydaşy Şwesiýanyň ýa-da Çehiýanyň ýygyndysy bolar.
Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanýar.
* * *
Şol bir wagtyň özünde Aziýada, Günorta Amerikada, Demirgazyk Amerikada hem duşuşyklar geçiriler. Afrika zolagynda-da pleý-off tapgyryň ilkinji duşuşyklary oýnalar. Olardan Senegal bilen Müsüriň arasyndaky duşuşyk köpleriň esasy üns merkezinde bolar. Bu bolsa Liwerpulyň iki ýyldyzyndan Sadio Maneniň ýa-da Mohamed Salahyň haýsy hem biriniň Dünýä Kubogyna gatnaşmajakdygyny aňladýar.