Iki yklymyň soňky çempionlary – Ýewropanyň çempiony Italiýa bilen Günorta Amerikanyň çempiony Argentinanyň ýygyndylary şu ýylyň 1-nji iýunynda duşuşarlar. “Finalissima” diýlip at goýlan bu duşuşyk Londondaky Wembley stadionynda oýnalar we 23:45-de başlar. Şeýlelikde, UEFA bilen CONMEBOL 29 ýyldan soň ozal 2 gezek geçirilen bäsleşigiň täzeden dikelder. Mundan öň Artemio Franki kubogy ady bilen 2 gezek geçirilen ýaryşda – 1985-nji ýylda Fransiýa Urugwaýy 2-0, 1993-nji ýylda-da Argentina Daniýany penaltileriň (1-1, 5-4 p) netijesinde ýeňipdi.
Italiýa bilen Argentinanyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy 25-99 funt sterling arasynda bolar. Petekleriň satuwy şu gün başlanar.