19-njy martda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, harby gullukçylar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary, döwlet Baştutany wezipesine hödürlenen dalaşgärler, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar.
Hormatly Arkadagymyz – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Oguz han» köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne bile geldiler.
Dabarada Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti öz üstüne ýüklenen beýik borçlary ak ýürekden ýerine ýetirjekdigi, halkymyza wepaly we dogruçyl hyzmat etjekdigi barada Türkmenistanyň halkyna kasam etdi.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutany
wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mübärekläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda özüne bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleri bitirdi.
Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramagyň özüniň esasy borjudygyny nygtady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis.
Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir. Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis.
Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny hem-de beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär.
Daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin maýa goýumlaryň möçberi artdyrylar. Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalar hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmäge aýratyn üns berler.
Ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçiriler.
Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys.
Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez.
Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşan, şol sanda özi üçin ses beren ähli saýlawçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýändigini nygtady. «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gujur-gaýratyny, bilim-tejribesini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna hemmeleri ýene-de bir gezek ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgüniň daşyna çykyp ýöräp ugranynda, döwlet Baştutanymyzy halk köpçüligi – hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, talyp ýaşlaryň we türkmenistanlylaryň körpe nesilleriniň wekilleri dabara bilen ugratdylar. Munuň özi ähli halk tarapyndan saýlanan döwlet Baştutanyna ägirt uly ynamyň hem-de onuň ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenjekdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.