Berkarar döwletimizde şan-şöhraty dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy ösüşlere beslenýän giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde, milli atçylyk sungaty hem kämilleşdirilýär we täze ösüşlere eýe bolýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len ahal­te­ke at­la­ry hal­ka­ra at­çy­lyk sport ýa­ryş­la­ry­nyň we äh­li­halk da­ba­ra­la­ry­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da gur­lan at­çy­lyk sport top­lum­la­ryn­da şow­hun­ly at ça­py­şyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi, ýur­du­myz­da at­çy­lyk spor­tu­na uly üns be­ril­me­gi, mil­li at üs­tün­de oý­nal­ýan oýun­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bu ul­ga­myň has-da ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Be­dew ba­dy özyg­ty­ýar­ly Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­ny, hä­zir­ki döw­rü­ni we aja­ýyp gel­je­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu ösüş­de öz mi­ra­sy­ny sak­la­ma­gy we ony ös­dür­me­gi, şu gün­ki gü­nü­ni gur­ma­gy we aja­ýyp gel­je­ge ta­rap nu­ra­na ýo­ly çek­me­gi ba­şar­ýan hal­kyň yk­ba­ly öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­dan bi­ri dün­ýä­de türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mil­li mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak we ýaý­rat­mak­dyr. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mö­hüm­le­ri­niň bi­ri to­hum ahal­te­ke at­la­ry­nyň we tä­sin to­hum bo­lan türk­men ala­ba­ýy­nyň sa­ny­ny kö­pelt­mek­dir.
Ýur­du­myz­da türk­men hal­ky­nyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lan türk­men ala­baý it­le­ri­niň dün­ýä ýü­zün­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak, ola­ry go­rap sak­la­mak we kö­pelt­mek, to­hum­çy­ly­gy­ny alyp bar­mak hem-de bu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de ös­dür­mek bo­ýun­ça hä­zir­ki dö­wür­de giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ala­baý­la­ryň ta­ry­hy ge­lip çy­ky­şy­ny, şu gün­ki gün­le­re ge­lip ýe­ti­şi­ni we mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yl­my esas­da düýp­li öw­ren­mek bo­ýun­ça äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Türk­men ala­ba­ýy dost­lu­gyň we we­pa­ly­ly­gyň hal­ka­ra ny­şa­ny­na öw­rül­ýär. Türk­men ala­baý­la­ry bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak hem-de bu it­le­ri sak­la­mak we kö­pelt­mek bi­len meş­gul­lan­ýan hü­när­men­le­riň ta­gal­la­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­mek mak­sa­dy bi­len, köp san­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 2019-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly ki­ta­by ne­şir edil­di. 2019-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da «Türk­men ala­baý it­le­ri» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň bi­na­lar top­lu­my açyl­dy. 2020-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­di. S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mal­dar­çy­lyk bö­lü­mi­niň we­te­ri­nar luk­man­çy­ly­gy ka­fed­ra­syn­da tä­ze ki­no­lo­gi­ýa hü­nä­ri açyl­dy.
2022-nji ýy­lyň il­kin­ji aý­la­ryn­da te­bi­ga­tyň tä­ze­len­ýän, tä­sin saz­la­ny­şy­gy­nyň da­ba­ra­lan­ýan wag­tyn­da yn­san­la­ryň kalp­la­ry­na ru­hy­be­lent­lik ça­ýyp Za­man taý­ça­na­gy­nyň we Eý­ýäm ala­ba­ýy­nyň bir gün­de dün­ýä in­me­gi türk­me­niň ýag­şy ni­ýe­ti döw­let­li­lik saý­ýan sa­ha­bat­ly kal­by­nyň şöh­le­len­me­gi bol­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Goý, bu ala­baý ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň tä­ze eý­ýa­my­nyň bat­ly ga­dam­la­ry­nyň, hal­ky­my­zyň be­lent ru­hu­nyň ny­şa­ny­ny özün­de jem­läp, eder­men­li­giň, we­pa­dar­ly­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­sin!» di­ýip, ýag­şy ar­zuw­lar et­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de eziz Wa­ta­ny­myz ösüş­le­re bes­len­ýär, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ryn­da tä­ze öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, ýaş nes­liň hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Türk­men be­dew­le­ri­ne we ala­baý­la­ry­na go­ýul­ýan sar­pa bi­ziň gün­le­ri­miz­de has-da be­len­de gal­dy. At­çy­lyk pu­da­gy­ny we türk­men ala­baý­la­ry­ny ös­dür­mek ýa­ly asyl­ly mak­sat­lar bi­len, ýur­du­my­zyň at­şy­nas­la­ry­na we it­şy­nas­la­ry­na «Türk­me­nis­ta­nyň halk at­şy­na­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň us­sat ha­ly­pa ça­pyk­su­wa­ry», «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan it­şy­na­sy» we «Türk­me­nis­ta­nyň halk it­şy­na­sy» di­ýen hor­mat­ly at­la­ryň da­kyl­ma­gy hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na bo­lan buý­san­jy­ny ýe­ne bir gez beý­geld­ýär.

Me­ret ME­RE­DOW,
Ymam­gu­ly RE­JE­POW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­mlary.