Şu ýylyň noýabr-dekabr aýynda geçiriljek Dünýä Kubogyna gatnaşjak 3 Ýewropa ýygyndysyny kesgitleýän pleý-off tapgyrynyň ýarym finalynda Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Türkiýäniň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Portugallara ýeňiş getiren gollary Otawio (15), Žota (42) hem-de Nunes (90+2) geçirdi. Türkiýeniň ýeke-täk goluny 65-nji minutda Burak Ýylmaz derwezä girizdi. Tejribeli hüjümçi 85-nji minutda penaltini dürs urup bilmän, hasaby deňlemek mümkinçiligini elden giderdi. Şeýlelikde, Portugaliýanyň ýygyndysy “C” toparçada finala çykmagy başardy. Portugaliýanyň ýygyndysy finalda Demirgazyk Makedoniýa bilen duşuşar. Makedonlar ýarym finalda Italiýany myhmançylykda 1-0 ýeňipdi. Portugaliýa bilen Makedoniýanyň arasyndaky final duşuşygy 29-njy martda Portodaky Dragao stadionynda oýnalar (23:45). Duşuşygyň faworiti hökmünde Portugaliýa görülýär. Ýöne Demirgazyk Makedoniýanyň hem ýarym finalda Italiýany ýeňendigini bellemek gerek.