Merkezi edarasy Niderlandlaryň Rotterdam şäherinde ýerleşýän “Studio Roosegaarde” şereketi mikroblary ýok edýän ultramelewşe şöhläni işläp taýýarlady. Şereket bu açyşyny mundan soňra pandemiýanyň hiç hili ýüze çykmazlygy üçin oýlap tapandyklaryny belleýär. Adaty ultramelewşe şöhleden düýbünden tapawutly bolan bu ýagtylyk mikroblary 98 göterime çenli ýok edýär. Adaty lampa ýaly bolan bu enjam 5 minut ýakylanda şol ýerdäki mikroblary ýok edýär. “Far-UVC” atly tehnologiýanyň esasynda döredilen şöhle ýapyk ýerlerde ulanmak maksady bilen döredilipdir. Adamlar ýapyk ýerlerde ýygnananlarynda howpsuzlygy üpjün etjek bu şöhläniň garaşylandan ýokary netije berendigi mälim edildi. Şereketiň ýolbaşçylary lampanyň açyk meýdanda ulanmaga niýetlenen görnüşini döretmek üçin tagalla edýändiklerini mälim etdi.
Aslynda adaty ultramelewşe (UVC) şöhleler hem mikroblary ýok edýär. Emma bu şöhle adamyň derisine zeper ýetirip bilýär. Täze döredilen şöhle şu ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek synagdan geçirildi.
Gunça Uzbekowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby