24-nji martda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde ilkinji halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew forumyň açylyşynda eden çykyşynda soňky bäş ýylda ýurduň ykdysadyýetine çekilýän ýyllyk daşary ýurt maýa goýumlarynyň üç esse artandygyny we häzirki wagtda 25 milliard dollara barabardygyny aýtdy.
Forumyň çäklerinde geljekki bäş ýylda geçiriljek özgertmeleriň netijesinde jemi içerki önümiň 100 milliard dollara, ýyllyk eksportyň bolsa iki esse artyp, 30 milliard dollardan geçjekdigi mälim edildi. Şol bir wagtyň özünde, hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýy 80 göterime çenli ýokarlanar. 2030-njy ýyla çenli Özbegistan öz raýatlary üçin ortaça girdejisi ýokary ýurt boljakdygyna güwä geçýär.
Ýatlap geçsek, 2017-nji ýyldan bäri Özbegistanda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, aç-açanlyk syýasaty alnyp barylýar. Hususan-da, daşary ýurt walýutasynyň konwertasiýasyna we daşary ýurt maýadarlarynyň girdejileriniň yzyna gaýtarylmagyna girizilen çäklendirmeler ýatyryldy. Özbek banklary we iri kärhanalar ilkinji gezek halkara reýtinglerine eýe boldy we dünýä maliýe bazarlaryna girdiler.
Daşkent halkara maýa goýum forumy 26-njy martda, şenbe güni öz işini tamamlar.