Bary-ýogy 4 gezek ýeňildi, ýöne Dünýä Kubogynyň daşynda galdy
HABAR – TESWIR
Italiýanyň ýygyndysy 2017-nji ýylyň noýabrynda pleý-off tapgyrynda Şwesiýanyň ýeňip bilmän Russiýa 2018 Dünýä Kubogynyň daşynda galypdy. Şonda 4 gezek Dünýä Kubogyny eýelän italýanlar 60 ýyldan soň futbolyň iň uly çäresine gatnaşmak hukukygyny gazanyp bilmändiler. Ondan öňem ilkinji Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmedik italýanlar taryhda 3-nji gezek bu şowsuzlygy başdan geçiripdiler. Ýöne bu görkeziji eýýäm düýnden başlap 4-e çykdy. Bu bolsa Italiýanyň ýygyndysy ilkinji ýola yzly-yzyna Dünýä Kubogyna gatnaşmaz, şol sanda indiki ýaryşa çenli 12 ýyllap, Dünýä Kubogynyň daşynda galar diýmekdir (eger-de 2026-njy ýyldaky çempionata gatnaşmaga hukuk gazanan ýagdaýynda). 2026-njy ýyldaky Dünýä Kubokly gürrüňi bir ýaňa goýup, Italiýanyň ýygyndysynyň bu şowsuzlygyny ýerli metbugat berk ýazgardy. Meşhur “La Gazzetta dello Sport” gazeti “Dünýäniň daşynda galdyk”, “Corriere dello Sport” gazeti “Biz dowzahda”, “Tuttosport” gazeti “Ýoooooooooook”, “La Repubblica” bolsa “Hemmeler öýüne, ýene-de Dünýä Kubogyna öýde, diwanda tomaşa etmeli bolduk” diýen ýaly setirler bilen berdi.
Aslynda hemme zat geçen ýylky gazanylan Ýewropa çempionlygyndan soň başlady. 37 oýunlap ýeňilmän bu ugurda dünýä rekordyny goýan italýanlar Ýewropa çempionlygyndan soň juda pes netijeler görkezip başladylar. Çempionlykdan soň diňe 2 oýunda ýeňiş gazanan (Litwany 5-0, Milletler Ligasynda Belgiýany 2-1) italýanlar 8 duşuşykda 2 gezek hem ýeňildiler (Milletler Ligasynda Ispaniýadan hem-de Demirgazyk Makedoniýadan). Galan 4 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy. Şol 4 duşuşygyň 2-sinde geçirilmedik penalti urgulary (ikisini-de toparyň köplerine görä “super” penaltiçisi Žoržinio geçirip bilmedi), futboldaky dünýä läheňini şu hala getirdi. Ýogsam 2018-nji ýylyň maýynda tälimçilige bellenen Roberto Mançininiň ýolbaşçylygynda Italiýanyň ýygyndysy bary-ýogy 4 gezek ýeňildi. Ikisini ýokarda belläpdik. Ondan öň Fransiýadan ýoldaşlyk duşuşygynda 3-1 hem-de Milletler Ligasynda Portugaliýadan 1-0 utulypdy. Bary-ýogy 4 sany(jak) ýeňliş, ýöne Dünýä Kubogyna gatnaşmak başartmady. Bir döwürler italýanlar 11 oýunlap gol hem geçirtmändigini ýatladaýyn. Mançininiň ýolbaşçylygynda italýanlar 47 oýunda 30 ýeňiş gazanyp, 13 oýny hem deňlikde tamamladylar.
Düýnki duşuşykdan soň tälimçi Mançininiň: “Geçen iýulda Ýewropanyň çempiony bolanymyzda, karýeramyň iň uly şatlykly gününi başdan geçiripdim. Şu wagt bolsa iň şowsuz pursatlaryny. Futbol şeýle zat-da, kämahallar ynanar ýaly däl bolýar. Ýewropanyň çempionlygyna hak edip ýetipdik. Elbetde şowlulyk hem ýaran bolupdy. Ýöne ondan soň welin, şowsuzlyklar başlady. Utulan wagtyň gaýgyly pursatlary başdan geçirmeli bolýar. Näme diýjegimi hem bilemok. Belki-de bu ýagdaýa galmaly däldik” diýip, öz gynanjyny beýan etdi.
Duşuşygyň oýnaljak ýeri hökmünde Italiýanyň ýygyndysynyň şu wagta çenli diňe 1 gezek ýeňlip, 1 gezek hem deňme-deň oýnan stadiony saýlanmagy-da ýöne ýere däldi. Emma bu statistika hem puja çykdy. Italiýanyň 32 urgy geçirendigini, bary-ýogy 4 urguda gol geçiren makedonlaryň bolsa finala çykandygy bellärliklidir. Italýanlary futbol baýramçylygynyň daşynda galdyran ýeke-täk goly-da 2015-2019-njy ýyllarda, 4 möwsüm Palermoda, ýagny Renzo Barbera stadionyna belet futbolçynyň – Aleksandar Traýkowskiniň geçirmegi-de ýörite bellenmäge mynasyp hasabat bolsa gerek.
Italiýanyň ýygyndysy 1970-nji ýyldan 2006-njy ýyla çenli her 12 ýyldan bir Dünýä Kubogynda finala çykyp, täsin statistika eýedi. Ýöne olaryň bu statistikasy 2018-nji ýyldaky çempionatyň daşynda galmagy bilen büs-bütinleý bozuldy. Italiýanyň ýygyndysy şol 26 ýylyň dowamynda 2 gezek çempion bolup, 2 gezek hem finalda utulypdy.
Mahlasy, meniň ýaly Italiýanyň, italýan futbolynyň janköýerleri üçin 2022-nji ýyldaky Dünýä Kubogy-da, edil Russiýa 2018-däki ýaly janköýerlik babatda azda-kände şowhuny pes ýagdaýda geçip biler. Ýöne umumylykda, boljak işe çäre ýok diýip, hemişekiler ýaly futbolyň hut özünden lezzet almaga çalşarys. 4 ýyldan geçirilýän iň uly futbol baýramçylygy ýene bir ýola Italiýasyz hem bolsa…
H. Söýünow, gazetiň sport synçysy.