Zenan kalbynyň gönezligi nepislik hem gözellikden gaýdýan bolmaly. Şonuň üçin hem olaryň eliniň degen işi gözelligiň asyl nusgasy bolup dünýä inýär. Türkmen halky müňýyllyklaryň taryhynda özüniň milli däp-dessuryny, edebini ýitirmän gelipdir. Şol däp-dessurlaryň we edepleriň biri hem göze gelüwli geýinmekdir. Adamzat özüniň ýaşaýan dürli döwürlerinde egnine eşik geýmek düzgünini kämilleşdiripdir. Gadymy döwürden bäri egin-eşikleriň dürli görnüşleri, ýagny sowukdan we yssydan goranmak üçin galyň, ýuka, ýakymly, amatly egin-eşikleri döretmegi başarypdyrlar. Çünki ynsan üçin iýmek-içmek nähili zerur bolsa, geýinmek hem şonça derejede zerurdyr. Onda-da geýinmek ýöne bir adat bolman, eýsem, jemgyýetde sada, owadan, gelşikli egin-eşikleri geýmek amatlydyr. Sebäbi egin-baş, onda-da gelşikli geýlen eginbaş adamy göze gelüwli görkezýär.
Adamyň geýnişine baglylykda, ol onuň gylyk-häsiýetini aýan edýär. Adamyň işeňňirligini-ýaltalygyny, arassalygyny-hasylygyny geýnişiniň üsti bilen bilmek bolýar. Isle erkek bolsun, isle-de zenan geýen eşigi tämiz, gelşikli bolsa, adamyň öz işine jür, işeňňir, arassa adamlygyny aňmak bolýar. Tersine, adamyň egnine geýen eşigi özüne has giň, dar, kelte, uzyn bolup biçüwi ýerine düşmedik bolsa üstesine-de tämiz däl bolsa, onda ol adamyň ýaltalygyny aňladýar. Şonuň üçin adam hemişe sada egin-başlary göze gelüwli we arassa geýinmäge çalyşmalydyr. Türkmenlerde geýinmegiň edebi esasan zenan maşgalalara degişlidir. Çünki maşgalanyň ýaşuly-ýaşkiçisiniň, erkek adamlaryň, çagalaryň ähli arassaçylygy, üstesine-de öýüniň arassaçylygy öý bikesi bolan zenanlaryň gerdenine düşýär. Diýmek, köpçülikde we jemgyýetçilik ýerlerinde egin-başlaryň arassalygy diňe şol adamyň däl-de, eýsem maşgaladaky gelin-gyzlaryň edebini hem kesgitleýär. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgusynda şeýle beýan edilýär:
Gözel bardyr, gözellerden zyýada
Anyň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli, erkanly mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
Hakykatdan hem, geýinmek edebinde gyz-gelinleriň ähmiýeti uludyr. Sebäbi, bu olaryň diňe arassaçylygyny däl-de, eýsem olaryň işeňňirligini, tygşytlylygyny hem kesgitleýär. Çünki ýönekeýje matadan çagalara gelşikli egin-eşikleri tikip geýdirmek çagany bezeýär. Enelerimiz öz perzentlerini yssydan, sowukdan goramak üçin howa şertlerine görä egin-eşik geýdiripdirler. Howa yssy bolanda hem yssynyň, epgegiň çaganyň içinden geçmezligi üçin körpelerine ýeňli, ýakaly eginbaşlary geýdiripdir. Çaga yssyda näçe alaň-açyk bolsa, Gün urmagynyň mümkindigini düşünipdirler.
Türkmenlerde zenan asyllylygy ata-baba dowam edip gelýän edeplerdendir. Asylly geýinmek adamyň diňe daşky görnüşini däl, eýsem içki dünýäsini hem gözelleşdirýär. Şonuň üçin türkmen zenanlarynyň uzyn ýeňli, ýakaly, uzyn köýnek geýmekleri örän gelşikli we asylly görnüpdir. Umuman, geýinmek edebiniň öňde goýan maksady hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, egin-eşik adamy her hili kynçylykdan hem keselden, sowukdan we yssydan goranmak üçin niýetlenendir. Şeýlelikde, adamlar ýylyň dürli paslyna, amatly egin-eşik geýmelidir.
Türkmenlerde geýimleriň reňkini saýlap almak ýaş aýratynlygyna we tebigy-howa şertlerine bagly bolupdyr. Ýaşuly erkek adamlar köplenç ak nah matadan eşikleriniň üstünden garma don, agar çäkmen geýipdirler. Ýaş ýigitler bolsa gyrmyzy don geýipdirler. Gelin-gyzlar barada aýdylanda bolsa, ýaşy durugşan we orta ýaşa ýeten zenanlar açyk reňklerden gaça durupdyrlar. Olar, esasan, garamtyl gök, ýaşyl, gyzyl reňkli matalardan köýnekleri geýipdirler. Ol reňkler agraslygyň alamaty hasaplanypdyr. Ýaşy durugşan garry aýallar köplenç alaça, nah we garamtyl reňkli ýüpek matalardan egin-eşik geýnipdirler. Ýaş gelin-gyzlar bolsa açyk reňkli, al-ýaşyl öwüsýän ýaza meňzeş reňkdäki matalary saýlapdyrlar. Bu reňkler olary has gözelleşdirýär.
Aýal-gyzlaryň geýýän köýnekleriniň giň ýaýrany we toý lybasy, esasan, keteni matasy bolupdyr. Häzirki wagtda hem ýaşlarymyz keteni köýnekleriniň dürli görnüşini döwrebap, gelşikli geýip, türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessuryny dowam edýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toý-baýramlarda gyz-gelinlerimiziň we ýigitlerimiziň geýýän egin-eşikleri gülzarlygy ýadyňa salýar, gözüňi dokundyrýar. Ýaş zenanlaryň özlerine gelşip duran keteni köýnekleri göwnüňi galkyndyrýar. Türkmen halky özüniň milli däbine, ynanjyna, diline, egin-eşigine uly hormat goýýar. Şonuň üçin hem biziň gadymy milli gymmatlyklarymyz nesilme-nesil dowam etdirilip gelinýär.
Güljehre Karaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy