Ýangyjy tygşytly sarp edýän ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Suzuki” kompaniýasy uçýan awtoulaglary öndürmegi meýilleşdirýär. Ýapon kompaniýasy “SkyDrive” şereketi bilen bilelikde uçýan awtoulagy işläp taýýarlamak üçin şertnama baglaşandyklaryny mälim etdi. Awtoulag önümçiliginiň Hindistanda ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar. Iki kompaniýa uçýan awtoulaglar üçin tehnologiýalary işläp taýýarlar. “SkyDrive” kompaniýasy 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisinde uçýan taksileriň hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinýär. Şeýle hem kompaniýa bu hyzmatyny ýurduň beýleki şäherlerinde hem ýola goýar. Habar berlişine görä, ýakyn geljekde dünýäde uçýan awtoulag bazarynyň bahasy 1,4 trillion dollar ýeter. 2050-nji ýyla çenli awiataksileriň sany 100 müňe ýeter. Uçýan awtoulaglar elektrik energiýasy bilen işlär. Şeýlelikde bu ulaglar howany zyýanly gazlar bilen hapalamaz.

Mähri Ataýewa,

Tejen şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň mugallymy