Ýew­ro­pa di­ňe bir ta­ry­hy yma­rat­la­ry bi­len ta­nal­man, eý­sem, baý te­bi­ga­ty bi­len hem bel­li­dir. Haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si­ne baý bo­lan Ýew­ro­pa­da dün­ýä­niň beý­le­ki ma­te­rik­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, hiç hi­li çöl­lük ga­bat gel­me­ýär. Di­ňe bel­li bir se­bit­de ýa­şa­ýan – en­de­mi­ki jan­dar­la­ryň on­lar­ça­sy Ýew­ro­pa­da duş gel­ýär. Şeý­le jan­dar­la­ryň bi­ri hem rys­lar­dyr. Az san­ly­sy­nyň ga­lan­dy­gy se­bäp­li ýa­ba­ny pi­şi­giň bu gör­nü­şi go­ra­lyp sak­lan­ýar. Rys Ýew­ro­pa­da duş gel­ýän iň uly ýyr­ty­jy pi­şik ha­sap­lan­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz­da duş gel­ýän ga­ra­gu­lak­la­ra meň­zeş bo­lan bu jan­da­ra la­tyn­ça «lynx» di­ýil­ýär. Ýa­ba­ny pi­şik­ler maş­ga­la­sy­nyň ag­za­sy­nyň je­mi dört gör­nü­şi bol­ýar. Ag­ra­my 4,5 ki­log­ram­dan 17 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýan bu jan­da­ryň bo­ýy 67-106 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Rys­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy 25 ýyl. Ada­ty pi­şik­ler­den 5 es­se agyr bol­ýan bu jan­dar­la­ryň gu­lak­la­ry uzyn we gu­la­gy­nyň ujun­da ga­ra tüý­ja­gaz bol­ýar. Ho­wa so­wap baş­lan­da onuň be­de­ni­niň äh­li ýe­rin­dä­ki tüý­le­ri ös­ýär. Bu jan­darlar uly pen­je­li, go­ýy go­ňur reňk­li, be­de­ni­ne gö­rä kel­le­si ki­çi bol­ýar.
Rys­lar, adat­ça sel­jeň sos­na to­kaý­la­ryn­da ýa­şa­ýar­lar. Ola­ryň kä­bir gör­nü­şi de­ňiz de­re­je­sin­den 3000 metr be­lent­lik­de ýa­şa­ýar. Ryslar be­ýi­ge dyr­maş­mak­da ök­de bo­luş­la­ry ýa­ly, ýüz­mek­de hem ök­de bol­ýar­lar. Beý­le­ki ýyr­ty­jy jan­dar­lar ýa­ly, rys­lar hem awu­na il­ki ýi­ti gö­re­ji bi­len syn ed­ýär­ler, soň­ra as­sy­ryn­lyk bi­len oňa go­laý­lap, bir tow­san­da ony tut­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Rys­lar kä­ha­lat­lar­da to­par bo­lup hem aw ed­ýär­ler. Hä­zir­ki wag­tda Nor­we­gi­ýa­da, tak­my­nan, 600 ry­syň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu jan­dar­lar Bü­tin­dün­ýä te­bi­ga­ty go­ra­ýyş bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ha­sa­ba al­nan, howp as­tyn­da­ky 120 süý­dem­di­ri­ji­niň bi­ri­dir. Rys­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan baş­ga-da, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň to­kaý­la­ryn­da, Ka­na­da­nyň we Mek­si­ka­nyň gü­nor­ta se­bit­le­rin­de duş gel­ýär­ler.