Şu ýylyň ahyrynda Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogyna gatnaşjak ýene bir ýygyndy belli boldy. Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karibler zolagynyň adyndan wekilçilik etjek ilkinji ýygyndy Kanada bolup, olar öz meýdançasynda Ýamaýkanyň ýygyndysyndan 4-0 üstün çykdy. Kanada ýeňiş getiren gollary gollary Larin (13), Buçanan (44), Hoilett (83) hem-de Mariappa (88, ö.d.) geçirdi. Bu ýeňişden soň utugyny 28-e çykaran Kanadanyň ýygyndysy toparçadaky duşuşyklaryň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, Kanadanyň ýygyndysy 36 ýyldan soň 2-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder. Olar mundan ozal diňe Meksika 1986 Dünýä Kubogyna gatnaşypdy.

Toparçada ABŞ-nyň hem-de Meksikanyň ýygyndylary 25 utuk toplap, 2-3-nji ýerlerde barýarlar. Olaryň Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin 1 utuk gerekli ýa-da 22 utukly Kosta Rikanyň ýeňiş gazanmazlygy gerek.