28-nji martda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňmin çykyşy diňlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurtda alnyp barylýan ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada türkmen tarapy aýratyn nygtady. Muňa mysal edip, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran, Serhetabat–Turgundy, Kerki–Ymamnazar–Akina demirýollarynyň we Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demirýolunyň gurluşygynyň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomibil ýollarynyň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň beýleki sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçildi.
Bu seminar hünärmenler derejesinde şu ýylyň 1-nji apreline çenli dowam eder.