Soňky ýyllarda eplenýän ekranly telefonlaryň sany artýar.  “Vivo” kompaniýasy hem ilkinji eplenýän ekranly telefony “X Fold”-y  çykarmaga taýýarlanýar. Hytaý kompaniýasy golaýda tanyşdyryljak telefonynyň suratyny görkezdi. Smartfonyň kitap ýaly açylyp-ýapylýandygy bellenilýär. Kompaniýa bu telefonyny 11-nji aprelde  tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Ululygy 8 dýuýmlyk ekranly bolan telefonyň ekrany “QHD+”  durulygynda bolar. Telefonyň ikinji ekranynyň ululygy 6,53 dýuým, durulygy “Full HD+” bolar. 5G aýratynlygy boljak telefon “Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1” mikroprosessor oturdylar. 80 watt çalt zarýad berýän aýratynlygy boljak telefondaky batareýanyň kuwwaty  4600 mA/sagat bolar.

“Vivo” dünýäniň iň köp smartfon satýan kompaniýalarynyň biri hasaplanýar.

 Aýbölek Aýdogdyýewa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby