Smartfon we aragatnaşyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän “Huawei” kompaniýasy soňky ýyllarda awtoulag senagatynda hem iş alyp barýar. Golaýda kompaniýa “Seres” şereketi bilen bilelikde “AITO M5” atly gibrid ulagyny tanyşdyrypdy. Bu ulagda “Huawei”-iň elektron enjamlar üçin işläp taýýarlan “HarmonyOS” amaly ulgamy oturdylypdyr. Golaýda kompaniýanyň ýolbaşçysy Riçard Ýu şu ýylyň dowamynda 300 müň töweregi awtoulag satjakdyklaryny aýdypdy. Kompaniýa häzirki wagtda ýurduň çägindäki iri dükanlarynda awtoulag satuwyny amala aşyrýar. Kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri bolan Wan Çao geljek birnäçe ýylyň dowamynda bary-ýogy bäş minutda zarýad alýan awtoulaglary işläp taýýarlajakdyklaryny mälim etdi. Şeýlelikde, ulaglar ýangyç guýulýan wagtyň dowamynda zarýad alarlar. Awtoulaglara gysga wagtda zarýad berýän tehnologiýalary işläp taýýarlaýan başga firmalar hem bar. Bu tehnologiýalar elektroulaglara has gysga wagtda zarýad bermäge mümkinçilik berer.
Aýna Annamämmedowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby